BAHARYŇ GÜL-LÄLELERI

Hormatly Prezidentimiziň: «Çagalar, siz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli aýdym-saz sungatymyzyň ösmegine goşant goşmak üçin mydama döredijilik gözleglerinde bolmalysyňyz. Bilim — ukybyňyzy, zehiniňizi okuwda, aýdym-saz, sungat äleminde, çeper döredijilikde uly üstünlikleri gazanmaga gönükdirmelisiňiz we milli sungatymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmalysyňyz» diýen paýhasly jümlelerinde aýdym-saza belent sarpa, döredijilige ylham, ene topragymyza, ata Watanymyza egsilmejek söýgi, ýaş nesillerimize bolan mähir hem-de beýik ynam bar. Ýaş zehinler — milli sungatymyzyň geljegi. Çagalaryň döredijiligini ösdürmek milli Liderimiziň medeniýet ulgamynyň öňünde goýýan möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Ýurdumyzda ýylyň-ýylyna «Iň eýjejik gyzjagaz», «Garaşsyzlygyň merjen däneleri», «Merdana nesil» ýaly çagalar toparlarynyň arasynda geçirilýän döredijilik bäsleşikleri özüniň oňyn netijesini berýär. Zehinli çagalary seçip-saýlap almaga we ýüze çykarmaga giň mümkinçilikleri döredýär.

Hepdäniň penşenbe güni Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Bilim ministrligi bilen bilelikde Milli bahar baýramy mynasybetli okuwçy gyzjagazlaryň arasynda yglan eden «Iň eýjejik gyzjagaz — 2018» atly şadyýan bäsleşiginiň jemleýji tapgyry şatlyk-şowhuna beslendi. Bu bäsleşik paýtagtymyzyň «Watan» kinokonsert merkezinde ýokary guramaçylykly geçirildi. Oňa bäsleşigiň welaýat we Aşgabat şäher tapgyrlarynda üstünlikli çykyş edip, ýeňiş gazanan gyzjagazlaryň 12-si uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Baharyň ilkinji ter gülleri bilen örtülen bezemen sahnada milli toý lybasly, başlary gültahýalyja, iki örüm saçlarynyň saç baglarynda düwmeleri düňňürdeşip duran gyzjagazlary tomaşaçylar gyzgyn el çarpyşmalary bilen garşy aldylar. Zehinli gyzjagazlar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alnyp barylýan tutumly işleri, ata Watanymyzy, eziz Diýarymyzy, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy taryplamakda, aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirmekde, milli lybaslarymyzy daşary ýurt dilinde şahyrana wasp etmekde, Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýyly bilen baglanyşykly sowallara jogap bermekde başarjaňlyk bilen bäsleşdiler. Çagalaryň aýdan aýdymlary, joşgunly tanslary, päk kalplaryndan çykan buýsançly sözleri Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş bolup ýaňlandy.

Ýakymly pursatlara beslenen bu bäsleşikde eminler topary tarapyndan ýylyň iň eýjejik gyzjagazlary mälim edildi. Baş baýraga Tejen şäherindäki 5-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Arzuw Merdanowa eýe boldy. 1-2-nji orunlara degişlilikde Saýat etrabynyň 3-nji orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Arzuw Myradowa bilen Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Mähriban Sapadowa mynasyp boldular. Hormatly 3-nji orun Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň 55-nji orta mekdebiniň 1-nji synp okuwçysy Nurana Hemraýewa miýesser etdi. Sahna ussatlygynda, dilewarlykda deň-duşlaryndan tapawutlanyp, ýeňiji bolan gyzjagazlara, şeýle hem bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşan beýleki gyzjagazlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Bilim ministrligi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabara bilen gowşuryldy.

Gurbannazar ÖWEZOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Merkezi Geňeşiniň baş hünärmeni.

“Nesil” gazeti,

17.03.2018ý.

Meňzeş habarlar