21-nji martda — Milli bahar baýramynyň ilkinji gününde Ahal welaýatynyň Nowruz ýaýlasynda bag ekmek boýunça ählihalk ýowary geçiriler.
Tebigat, daşky gurşaw bilen ynsanyň berk baglanyşyklylygy hakyndaky kanunalaýyklyga görä, her bir milletiň medeniýetiniň, sungatynyň gözelligi, dünýägaraýşynyň giňligi ýaşaýan ýeriniň tebigy öwüşginlerine gönüden-göni baglydyr. Türkmen tebigaty — türkmen milletiniň baý hem köpöwüşginli medeniýetiniň ylham çeşmesidir, milli gymmatlyklarymyzyň gözellik genjidir. Ony goramak, «Ýagşydan at galar» diýlişi ýaly, geljek nesillere miras goýmak baradaky çuň pelsepä ýugrulan däplerimiz hem halkymyzyň buýsanjydyr.
Ata-babalarymyzyň geljek nesiller üçin miras goýan, ekip ýetişdiren baglary gözlerimiziň guwanjydyr. Ülkämiziň köp ýaşan belli agaçlary biziň köňlümize saýa salýar. Arçabildäki «Ýedi dogan» çynary, Sekizýabyň boýundaky ýabany üzümler, gadymy garagaçlardyr söwütler, Garry Nohur obasyndaky köp ýaşly çynarlar, Lebap welaýatyndaky «Gyzylbaba» tut agajy, Köýtendagdaky belli arnap baglary, Daşoguz welaýatyndaky garry güjüm agaçlary we başga-da birnäçe baglar halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklarydyr.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak we tebigaty goramak, howanyň ählumumy üýtgemegine garşy göreşmek meselesine-de aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz 2012-nji ýylyň iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ösüş boýunça «Rio+20» maslahatynyň belent münberinde eden çykyşynda Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitinde howanyň üýtgemegi babatda daşky gurşaw meseleleriniň çäginiň giňdigini nazara alyp, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek boýunça ýöriteleşdirilen Sebitara merkezi döretmegi teklip etdi. Häzirki wagtda Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitinde, esasan hem, howanyň üýtgemegi bilen baglylykda daşky gurşaw meseleleri boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň ýerine ýetiriji edaralary we beýleki halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.
Howanyň çaklanylýan üýtgemesi geljekde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň köp taraplaryna, hususanda, oba we suw hojalygyna, daşky gurşawa, saglygy goraýşa täsir eder. Daşky gurşawyň howanyň üýtgemegine durnuklylygyny ýokarlandyrmak boýunça öňüni alyş çärelerini amala aşyrmak üçin 2013-nji ýylda kabul edilen, 2020-nji ýyla çenli döwri öz içine alýan Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmek, aýratyn goralýan tebigy ýerler ulgamyny özgertmek, tokaýlaryň meýdanlaryny giňeltmäge gönükdirilen hukuk, ykdysady we guramaçylyk-tehniki çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynyň esasynda ýurdumyzyň dürli künjekleriniň toprak, howa şertleriniň aýratynlyklaryna esaslanýan tokaýlary dikeltmek, döretmek boýunça tokaýçylyk taslamalary durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek işlerini giň gerimlerde alyp barmak üçin täze innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, Türkmenistanyň Aralýaka sebitinde tokaýlaşdyrmak işlerini geçirmek, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny bagy-bossanlyga öwürmek işlerini dowam etmek, Awaza derýasynyň kenarlaryny tokaýlaşdyrmak, Garagum çölüniň ösümlik dünýäsini baýlaşdyrmak, çölleşme hadysasynyň öňüni almak maksady bilen, süýşýän çägeleri berkitmek we çöl ýerleri tokaýlaşdyrmak, ekerançylyk meýdanlarynda gorag tokaý zolaklaryny döretmek, gül hem-de bezeg agaçlaryny ýeterlik mukdarda ösdürip ýetişdirmek, Türkmenistanyň tokaýlaryny durnukly dolandyrmak we tokaýçylygy ösdürmek üçin tokaýlaryň tükellemesini hem-de hasabyny alyp barmak, tokaýlaryň goragyny we gözegçiligini kämilleşdirmek Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynyň esasy wezipeleridir.
Ýurdumyzda tokaýçylygy we tokaý hojalygyny ösdürmekde bu ugurda iş alyp barýan abraýly halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO), Birleşen Milletler Guramasynyň Tokaýçylyk boýunça forumy (UNFF) tarapyndan, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň, Ösüş maksatnamasynyň, Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň, Çölleşmäge garşy göreş baradaky hem-de Biodürlülik baradaky konwensiýalarynyň çäklerinde dünýäniň dürli howa şertlerinde dag we çöl tokaýlaryny gorap saklamak we dikeltmek, olaryň görnüş düzümini baýlaşdyrmak boýunça taslamalar alnyp barylýar.
Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, demir we gara ýollaryň gyralaryny, derýalaryň kenarlaryny, obadyr şäherleriň daşyny dürli görnüşli saýaly, pürli, miweli baglar bilen bezemek işi Gahryman Arkadagymyzyň esasy üns berýän meseleleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň 20-nji aprelinde dikuçarda paýtagtymyz hem-de Ahal welaýatynyň ekerançylyk meýdanlary boýunça amala aşyran iş saparynyň barşynda obalaryň bagy-bossanlyga bürelmegi, tokaý zolaklarynyň giňeldilmegi baradaky meselelere ünsi çekmek bilen köpçülikleýin bag nahallarynyň Garagum derýasynyň ýakalaryna hem ekilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Bu babatda birnäçe tabşyryklary beren Gahryman Arkadagymyz: «Munuň özi derýanyň akabasyny we kenaryny berkitmäge ýardam berer. Şeýle hem baglaryň bu künjegiň tebigy aýratynlyklarynyň gözelligini artdyrjakdygy ikuçsuzdyr» diýip bellemek bilen bu ýerlere tut nahallaryny oturtmagyň hemmetaraplaýyn bähbitli boljakdygyny nygtady.
Tut agajynyň ýasy ýapraklary howadaky tozanlary özüne siňdirip, howanyň arassalygyny üpjün etse, onuň ýeriň jümmüşine aralaşan kökleri ýerasty suwlaryň ýokarlanmagynyň, topragyň süýşmeginiň öňüni alýar. Onuň goýy saýasy tomsuň jöwzaly, epgekli gyzgyn howasyny birnäçe dereje peseldip, adamlaryň gezelenç etmegi üçin amatly howa gurşawyny döredýär. Bu agajyň ýapragy ýüpek gurçuklarynyň esasy iýmitidir. Şu ýylky bag ekiş möwsüminde hem tut nahallarynyň müňlerçe düýbi oturdylýar.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen her ýylda 3 million bag nahallaryny ekmek ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Tokaýçylyk pudagyndan alynýan umumy önüm ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam eder. Ýetişdirilýän oba hojalyk ekinleriniň görnüşine baglylykda alynýan hasylyň özüne düşýän gymmaty peseler, topraklaryň hil görkezijisi we onuň gymmaty ýokarlanar, ekin we öri meýdan dolanyşygy gowulanar. Ýurdumyzyň tokaýlaşdyrylmagy saglygy dikeldiş we syýahatçylyk mümkinçiliklerini artdyrar, agaç, miwe, ir-iýmiş, bal, dermanlyk çig malyny ýygnamagyň goşmaça çeşmesi bolup hyzmat eder.
Tokaýlar gözellik, dynç alyş we beýleki durmuş wezipelerini hem ýerine ýetirýär. Türkmen daglaryna asyrlaryň dowamyndaky gözelligini gaýtaryp bermek maksady bilen dag tokaýlarynyň döredilmegi dag tebigatynyň görküni has-da artdyrdy. Köpetdagda döredilen arça tokaýlyklary özüniň göze gelüwliligi, tämizligi bilen emeli döredilen dag tokaýlygynyň ajaýyp subutnamasydyr. Daglyk sebitlerde tokaýlaşdyrmak işleriniň giň möçberde geçirilmegi sil hadysasynyň, dag eňňitlerinde topragyň ýuwulmagynyň öňüni almaga, topragyň yzgarlylyk derejesiniň ýokarlanmagyna, çeşme suwlarynyň gorlarynyň artmagyna, düme ekerançylygy üçin amatly şertleri döredýär.
Adam eli bilen döredilýän tokaý zolaklarynyň howanyň üýtgemeginiň täsirini peseltmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, biodürlüligi gorap saklamak, şeýle hem adamlara ýaşamaga, dynç almaga amatly şertleri döretmek bilen bir hatarda ilatymyzy ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli ter miweler bilen üpjün etmekde ähmiýeti örän uludyr. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly giň göwrümli ylmy kitabynda bu ösümlikleriň, baglaryň dermanlyk häsiýetleri barada giňişleýin maglumat berilýär.
Ýurdumyzyň telekeçileri hem bagçylyk we gülçülik pudagyny ösdürmek, landşaft bezegi babatda hyzmatlary hödürlemek boýunça göreldeli zähmet çekýärler. Bu babatda «Parasatly» daýhan hojalygynyň, «Has» hususy kärhanasynyň, «Nurly meýdan», «Ýaşyl mekan» hojalyk jemgyýetleriniň tejribelerini görkezmek bolar. Olar milli hünärmenler we daşary ýurtly alymlar bilen ýakyn hyzmatdaşlyk saklap, bagçylyk, gülçülik boýunça ylmy gazanylanlary, seçgiçilikdäki üstünlikleri netijeli ulanýarlar. Netijede, bezeg ösümlikleriniň we miweli agaçlaryň täze sortlary ýurdumyza ornaşdyrylýar.
Ýaş nahallaryň görnüşlerini saýlap almak, olary ýetişdirmek, oturtmak hem-de ideg etmek boýunça işler ylmy barlaglar esasynda işlenip düzülen agrotehnikanyň talaplaryna we ölçeglerine laýyklykda ýerine ýetirilýär. Bu babatda oba hojalykçy alymlarymyzyň, bu ugurda işleýän ylym-bilim ojaklarynyň hem tagallasy uludyr.
Hormatly Prezidentimiziň yglan eden ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirmäge, daş-töweregimizi gorap saklamaga mynasyp goşant goşmak ýaşlaryň hem mukaddes borjudyr. Tokaý hojalygy ulgamynda işleýän hünärmenleri taýýarlamaga-da ýurdumyzda uly üns berilýär. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Tokaý we seýil bag hojalygy hünäri boýunça talyplara bilim berilýär. Türkmen oba hojalyk institutynda agroekologiýa, agronomçylyk, agrohimiýa we topragy öwreniş hünärleriniň okuw maksatnamalaryna laýyklykda tokaýçylyk we bezeg bagçylyk dersleri öwredilýär.
Türkmen oba hojalyk institutymyzda hem Demirgazyk Türkmenistanyň şertlerinde miweli baglaryň nahallarynyň ösdürilip ýetişdirilişini kämilleşdirmek atly tema boýunça Daşoguz welaýatynyň şertlerinde miweli baglaryň nahallarynyň ösdürilip ýetişdirilişini kämilleşdirmek boýunça ylmy işler dowam edýär. Okuw-tejribe hojalygynda 2,5 gektar meýdana miweli baglaryň 6 görnüşine degişli (alma, armyt, erik, garaly, alça, beýi) 600 sany nahal ekilip, meýdan tejribesi geçirilýär. Işiň netijesi boýunça welaýatyň toprak-howa şertlerinde miweli baglary ösdürip ýetişdirmegiň netijeli usullary işlenip düzüler we önümçilige ornaşdyrmak üçin teklipler we hödürnamalar taýýarlanar.
Ýurdumyzda giňden we dabaraly toýlanylýan Milli bahar baýramynyň toý dessurlary, gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan milli ýörelgelerimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has-da rowaçlanýar. Bahar paslynyň gelmegi bilen, ýurdumyzyň çar künjeginde döredijilikli, yhlasly zähmet gaýnap joşýar. Zähmetsöýer halkymyzyň zähmet joşguny baýramçylyk ruhubelentligine ulaşýar.
Baglary, tokaýlary ýetişdirmek, şu maksat bilen bag ekiş möwsümlerini guramaçylykly, netijeli geçirmek hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Ýurdumyzda ekologiýa abadançylygynyň, türkmenistanlylaryň durmuşy üçin amatly şertleri döretmegiň nukdaýnazaryndan ýurdumyzda durmuşa geçirilýän umumymilli bagy-bossanlyga büremek maksatnamasyna uly ähmiýet berilýär.
9-njy fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz «Ýurdumyzda 2018-nji ýylda bag ekmek hakyndaky» Karara gol çekip, adamlara has köp peýda getirjek hem-de Türkmenistanyň öz çägini giňeldýän paýtagtynyň etraplarynda, şäherleriň we obalaryň ýakynynda täze tokaý seýilgäh zolaklarynyň döredilmegine üns bermegi tabşyrdy. Her ýylda bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň dowamynda tutuş ýurdumyzda 3 million düýp bag nahallaryny, şol sanda pürli, saýaly, miweli agaçlary, üzüm nahallaryny oturtmak meýilleşdirilýär.
2-nji martda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyz «Ýurdumyzda bag ekmek boýunça ählihalk ýowaryny geçirmek hakynda» Karara gol çekdi. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, 21-nji martda — Halkara Nowruz baýramynyň ilkinji gününde Ahal welaýatynyň Nowruz ýaýlasynda bag ekmek boýunça ählihalk ýowary geçiriler. Bu ýerde Nowruz baýramyny geçirmek üçin ýörite merkez bar. Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan Milli bahar baýramyna bagyşlanyp, 21-22-nji martda Ahal welaýatynyň Nowruz ýaýlasynda we «Nowruz ýaýlasynyň ak öýi» binasynda baýramçylyk konserti we toý-dabaralary geçiriler.
Rahmanberdi GÖKLEŇOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
“Nesil” gazeti,
20.03.2018ý.