Gelse Nowruz äleme...

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen milli baýramlarymyza belent sarpa goýulýar. Türkmeniň iň bir owadan paslynda bellenilýän Milli bahar baýramy gözellige we nuranalyga beslenýär. Bu baýram türkmen tebigatynyň oýanyş, täzeden dünýä geliş toýudyr. Milli bahar baýramy keramatly türkmen topragynyň rysgal-bereket, sahawat toýudyr.

Nowruz baýramy gije bilen gündiziň ýazky deňleşýän wagtyna gabat gelmek bilen, Gündogarda täze ýylyň gelendiginiň buşlukçysy hasaplanýar. Nowruzyň gelmegi bilen arşa-kürse al-ýaşyl gül-gülälekleriň bendiwan ediji müşki-anbar ysy ýaýrap, ene toprak juwan keşbe girýär, älemgoşar öwüşginli barlykda ýaňlanýan ýaşaýyş mukamynyň owazy kalbyňy heýjana salýar, egnine çigildem köýneklerini geýnen dag-dereler, jülgeler, güller deňzine beslenen ýaýlalar duýgularyňa tolkun-tolkun möwçli joşgun berýär.

Nowruzyň nurana waspy Ýunus Emre, Jelaletdin Rumy, Garajaoglan, Baýram han, Enweri, Döwletmämmet Azady, Andalyp, Şeýdaýy, Şabende, Magtymguly, Kemine, Seýdi, Zelili, Mätäji, Kätibi ýaly ençeme nusgawy şahyrlarymyzyň eserlerinde öz beýanyny tapypdyr.

Nowruzyň gelmegi halk döredijiliginde-de giňden şöhlelendirilipdir. Türkmen asmanynyň sahawaty — bahar çabgasy bilen owadan gelin-gyzlarymyzyň aýdymlary, hüwdüsi, läle kakýan nagmalary özboluşly sazlaşyp, täsin bir bendiwan ediji owaz döredýär. Ir mahallar Nowruzda her dürli yrymlardyr däp-dessurlar ulanylypdyr. Nowruz barada akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy: «Ýerde Nowruz hormaty» ýa-da:

Gelse nowruz äleme, reň kylar jahan peýda,

Ebrler owaz urup, dag kylar duman peýda...

diýse, Şeýdaýy: «Geldi Nowruz, jümleýi-älem gülüstandyr bu gün» diýipdir. Baýram han şahyr bolsa Nowruzy şeýle beýan edipdir:

Bu gün Nowruz, bu gün baýram, bu gün toý,

Gaýgy-gamsyz şatlyk eder her bir öý...

Gündogaryň görnükli wekilleriniň biri Burhaneddin Rabguzy bolsa Nowruz baýramyny şeýle şöhlelendiripdir:

Gün Hamala girende, geldi älem Nowruzy,

Geçdi gyşyň aňzagy, galmady gary, buzy...

Türkmen halky mydama bahara teşnelik hem sabyrsyzlyk bilen garaşypdyr. Çünki baharda türkmen tebigaty täzeden janlanýar hem-de keramatly topraga bereket ýagýar. Ýurdumyzyň oba hojalygynda täze zähmet şertleriniň döredilmegi netijesinde türkmen ýaýlalarynyň rysgal-berekedi artýar. Garaşsyzlygyň erkana şemalynda hümmetlenýän türkmen sähralyklarynda baky sowulmaz baharly ýyllar hasylly bolup, bu gün altynbaş bugdaýyň ygşyldylary ýaşaýşyň owazyna öwrülip, bagt sazyny çalýar. Halkymyzyň nurana hem tämiz durmuşy kimin ak pagtanyň ýylyň-ýylyna ak patrak ýaly bolup açylyşy gadymy düzleriň kalp giňişligini ýagşylyk şuglasy bolup ýagtylandyrýar.

Türkmen halkyna baky bagtyýarlyk baharyny peşgeş beren, ýurdumyzy bagtyýarlygyň ajaýyp mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň ähli döwletli tutumlary mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Ahmet GURBANÝAZOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň başlygynyň

orunbasary, guramaçylyk bölüminiň müdiri.

“Nesil” gazeti,

17.03.2018ý.

Meňzeş habarlar