LUKMANÇYLYK YLMYNYŇ TARYHYNDAN

Alym Arkadagymyz ylmyň ähli pudaklary bilen bir hatarda saglygy goraýyş ylymlarynyň ösmegi we kämilleşmegi üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltlik eseri bir tarapdan, farmaseftikanyň esaslaryny özünde jemlese, başga bir tarapdan, adam bedeninde ýüze çykýan näsazlyklara garşy howpsuz, tebigy ýollar bilen göreşmek üçin gymmatly gollanma bolup durýar. Şeýle-de bu eser türkmen lukmançylygynyň gadymdan gelýän asylly däpleriniň dowamydyr.

Meşhur alym Ibn Sinanyň «Kitab al-kanun fit-tybb» (Lukmançylyk ylmynyň kanuny) atly eserinde derman-däri ýasamagyň 2600 usulynyň 1400-siniň ösümlikler bilen bagly bolmagy, ösümlikler dünýäsiniň adam saglygy üçin örän wajypdygynyň subutnamasydyr. Ösümlikler gadym eýýamdan bäri diňe bir keselleri däl, eýsem, ten şikesleriniň hem bejerilmeginde mälim bolupdyr. Ýurdumyzyň gadymy ýadygärlikleriniň mis we bürünç eýýamlaryna degişli medeni gatlaklaryndan tapylan mermerden ýasalan soky daşlarynyň, alymlaryň «sürmedan» diýip atlandyran kiçi göwrümli küýzejikleriniň derman ýasamak we saklamak üçin ulanylan bolmagyähtimal.

Antropologik barlaglar döwük bejermekde adamzadyň biliminiň mundan 70-30 müň ýyl öň hem ýokary derejede bolandygyny görkezdi. Takmynan Nuh eýýamyndan 60-20 müň ýyl öň ýaşan neondertal adamlarynyň galyndylary öwrenilende, olaryň döwlen süňklerindäki süňk kesmekleriniň 70 göteriminiň kanagatlanarly bitenligi anyklanyldy. Bu maglumat iň gadymy döwürlerde hem adamlaryň süňkleri dogry salmagy başarandyklaryndan habar berýär. Döwük-ýenjik bejermekde Orta asyr alymlaryhas kämilleşipdir. IX asyrda ýaşan alym lukman Abul Hasan at-Taberi döwülen süňkleri gips daňysy bilen seýiklemegi ylmy dolanyşyga girizýär. Hirurgiýada pagtanyň we ketgut (goýun içegelerinden ýasalan) ýüpüniň ulanylmagynyň peýdalaryny aýan edýär. Onuň bu taglymaty döwrüniň ussat hirurgy Abul Kasym al-Zahrawi (936-1013) tarapyndan amal edilip, ketgut hirurgiýanyň tejribeçiligine girizilýär. At-Taberi çaga lukmançylygynyň ilkinji alymy hasaplanýar. Ol öz eserlerinde çaganyň beden tarapdan kämilleşişine we onda ýüze çykýan näsazlyklaryň ýörite bejeriş usullaryny beýan edýär. At-Taberiniň okuwçysy Abu Bekr ar-Razi adamyň elýeter dermanlar we usullar arkaly öz-özüne berip biljek ilkinji kömegine bagyşlanan eserleriň ýazarydyr.

Lukmançylygyň kämilleşmegi Watan goragçylary bolan esgerleriň jan saglygyna seredilmeginde, ýaralaryň dogry we kemsiz bejerilmeginde hem oňaýly täsir edipdir. Şol döwrüň köp sanly lukmançylyk mekdeplerinde ýetişýän lukmanlar we tebipler söweş wagty esgere tiz lukmançylyk kömegini beripdirler. Öz wagtynda kömek berilmegi köp esgerleriň janyny halas edip, goşunyň söweşjeň ukybyny uzak wagtlap saklamagyna ýardam beripdir.

Orta asyr alymlarynyň lukmançylyk ylmyna goşan goşandy uludyr. Jelaleddin Hydyryň dogry iýmitlenmek hakda «Dertlere derman», Ýadygär ibn Şeribiň adamy gurşaýan zatlaryň onuň saglygyna täsiri we dogry ulanylmagy barada «Tybby ýadygär», at-Taberiniň «Ferdewsil Hikme» ýaly umumy saglygy saklaýşa degişli eserleri bar.

Söwdanyň ösmegi bilen ylmy kitaplaryň hem giň dünýäniň bir künjünden beýleki künjüne ýetirilmegine oňaýly täsir edipdir. Bu ugurdan Beýik Ýüpek ýolunyň bitiren hyzmaty örän uly bolupdyr. Kitaplaryň ýurt gezip, baran ýerlerinde göçürilip köpeldilmegi olaryň biziň günlerimize gelip ýetmegine sebäp bolupdyr. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eserinde ylmyň ösmegine Beýik Ýüpek ýolunyň eden täsiri barada şeýle belleýär: «Şeýle hem halkymyzyň gadymy ýazuw taryhynyň bolandygy hem bellenilmelidir. Kitaplary ol göçürijiden beýleki bir göçürijä geçirmek adat bolupdyr. Şeýdibem, gadymyýeti şu günler, geçmişi geljek bilen baglaýan hatdatçylyk sungatyny döredip, nesillere peşgeş beripdirler. Türkmen topragynda taryhyň ähli döwründe kitaplaryň gymmaty örän ýokary saýylypdyr».

Hormatly Prezidentimiziň bu eseri Türkmenistanyň taryhyny, maddy we medeni gymmatlygyny öwrenmekde edilýän işlere örän wajyp gollanma bolup durýar. Kitaba we ylma çuňňur hormat goýýan alym Arkadagymyz adamyň fiziologik saglygynyň onuň içki dünýäsi, ruhy baýlygy bilen baglydygyny nygtap, «Gadamy batly bedew», «Arşyň nepisligi», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitaplary türkmen halkyna peşgeş berdi. Bu kitaplar okyjynyň göwnüni göterip, ata-babalarynyň mirasyna has içgin düşünmegine, olara guwanyp estetiki lezzet almagyna we ruhunyň hemişe belent bolmagyna ýardam berýär.

Akgül HYDYROWA,

Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk

orta okuw mekdebiniň mugallymy.

“Nesil” gazeti,

15.03.2018ý.

Meňzeş habarlar