Baharyň jana ýakymly howasyndan dem alyp barşyňa, bu owadan dünýäniň keşbini synlamagyň lezzetinden ganma ýok. Arassa asmana bezeg berýän bulutlar kä ýagyş sepelese, käte-de Gün çykyp Zeminiň al öwüsýän güllerine tereňlik çaýýar. Tebigatyň bu ajaýyp keşbi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýetilen ösüşlerimizi göz öňünde janlandyrýar. Ýurdumyzyň haýsy ulgamyna göz aýlanyňda-da ýetilen belent sepgitleriň juda uludygyny, onuň geljekde has-da rowaçlanjakdygy kalbyňa dolýar. Çünki bu günki edilen işler ertirki ösüşleriň belentlikleri nazarlaýandygyndan habar berýär.
Üstümizdäki ýylyň Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi diýlip atlandyrylmagy bu ýylda etmeli işleriň juda uludygyny aýdyň görkezipdi. Munuň özi her ulgamyň, her bir adamyň durmuşa geçirmeli işlerini aýan edipdi. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň elimize gowuşmagy milli mirasymyza, gadymy taryhymyza ýene bir gezek göz aýlamaga giň mümkinçilik berdi. Kitabyň adamyň gözýetiminiň giňemegine näderejede täsir edýändigi hemmelere-de mälimdir. Hormatly Prezidentimiziň bu ajaýyp kitabynyň ilkinji sahypalaryny okaýarkaň pederlerimiziň aýtgysyndaky: «Kitaby açan adam bilimler hazynasy saklanýan gowagyň derwezesini açýandyr» diýilýän jümleler hakydaňa dolýar.
Halkymyz Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynyň ýakymly wakalar bilen başlanmagyny geljekde-de il-ýurt bähbitli işleriň il-ulsumyzy begendirjekdigine ýorupdylar. Baharyň ajaýyp günlerinde Aşgabat — Türkmenabat — Kerki aralygyna guralan «Arkadag gurduran polat ýollary — Beýik döwrümiziň Ýüpek ýollary» atly wagyz-nesihat otlusy ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlarynyň, döredijilik işgärleriniň, alymlarynyň başyny jemledi. Lebap welaýatyndan geçýän Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça guralan wagyz-nesihat çäreleri halkymyzyň agzybirligini, olaryň her biriniň geçmiş taryhymyza, milli mirasymyza, dünýä nusgalyk däp-dessurlarymyza hormatynyň belentdedigini äşgär etdi.
Türkmenabat şäherinde aýdym-saz, ajaýyp tanslar bilen garşylanan myhmanlar birnäçe döredijilik duşuşyklaryna gatnaşdylar. Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde alymlaryň, taryhçylaryň we ylym-bilim işgärleriniň gatnaşmagynda «Gündogar Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri dünýä binagärlik sungatynyň ajaýyp nusgasydyr» atly ylmy maslahatyň, Lebap welaýat kitaphanasynda ýazyjy-şahyrlaryň, žurnalistleriň, kitaphana işgärleriniň gatnaşmagynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň «Jeýhunyň ýakasy» bölümi esasynda döredijilik duşuşygynyň guralmagy Lebap welaýatyndan geçýän Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän taryhy ýadygärlikleriň gymmatly aýratynlyklaryny açyp görkezmekde möhüm orny eýeledi.
Döredijilik duşuşyklaryna gatnaşýan myhmanlaryň Amul galasyna guran gezelençleri has-da täsirli boldy. Beýik Ýüpek ýolunyň taryhynda möhüm orny eýeleýän Amul galasyna golaýlanyňda müňlerçe ýyl mundan öň kerwen ýörän ýollar oýa batyrýar. Bu ýollar munda dostlugyň, agzybirligiň, döwletliligiň mäkäm orun alandygyny dünýä açyp görkezýär. Şol pursatda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabyndaky: «Amul arheologlaryň pikiriçe, iki müň ýyl töweregi öň döräp, Amyderýanyň üstünden amatly geçelgäniň bolmagy şäheriň gülläp ösüşlerine düýpli täsir edipdir» diýen jümleler göz öňüňe gelýär. Bu munda güllüp ösüşiň bolandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Taryhyň yzlaryny synlaýarkaň müňlerçe ýyllar öň bu topragyň üstünde guralan baryş-gelişler kalbyňy joşdurýar.
Bu ýerde guralan teatrlaşdyrylan edebi-sazly kompozisiýa, folklor çykyşlary, aýdym-sazlar Beýik Ýüpek ýolunyň halklary birleşdirendigini, onuň bu topragyň meşhurlygyny dünýä ýaýyp, ylymda, medeniýetde uly ösüşlere ýetirendigini taryp etdiler.
Wagyz-nesihat çäreleriniň dowamynda döredijilik duşuşygyna gatnaşýanlaryň Garabekewül şäheriniň ýakynynda ýerleşýän Hojaidat galasyna barmaklary aýratyn many-mazmuna eýedir. Bu gadymy gala barada hormatly Prezidentimiz: «Amuldan uzaýan ýollar Amyderýanyň kenary bilen günorta hem, demirgazyga hem alyp gidýär. Ilki bilen günorta sary ýola düşeliň. Birnäçe kilometr geçip-geçmänkäň, beýik hem uly Hojaidat galasyna barýarsyň» diýip ýazýar. Müňlerçe ýyly başyndan geçiren gala nesillere şo-ol gadymy wakalary gürrüň berjege meňzeýär. Ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlary, döredijilik işgärleri, alymlar bu gadymy galanyň aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşdylar. Bu täsirli syýahat Beýik Ýüpek ýolunyň öwrenilmegine oňyn täsir edýändigini subut etdi.
Soňra Kerki şäheriniň çäginde ýerleşýän Astanababa ýadygärlikler toplumyna guralan gezelençleriň dowamynda hem döredijilik duşuşygyna gatnaşýanlar dürli duşuşyklary, wagyz-nesihat çärelerini guradylar. Olaryň dowamynda hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Beýik Ýüpek ýoluny döwrebap derejede ösdürýändigi giň beýanyny tapdy. Gözel paýtagtymyz bilen deň derejede özgerýän ähli welaýatlarymyza göz aýlanyňda-da muny aýdyň görmek bolýar. Lebap welaýatynda Atamyrat — Kerkiçi awtoulag we demir ýol köprüleriniň ulanylmaga berilmegi, Türkmenabat — Farap demir ýol we awtomobil köprüleriniň açylmagy Beýik Ýüpek ýolunyň zamanabap keşbidir. Ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde Türkmenabat şäherinde açylyp ulanylmaga berlen Halkara howa menzili dünýä halklaryna uzaýan dostluk ýollarynyň üstüni ýetirdi.
Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap keşbe eýe bolýan günlerinde Aşgabat — Türkmenabat — Kerki aralygyna guralan «Arkadag gurduran polat ýollary — Beýik döwrümiziň Ýüpek ýollary» atly wagyz-nesihat otlusy Lebap welaýatyndan kerwen ýörän ýollaryň ugruny yzarlap döwlet ornan illeriň bagtyýarlygyny jahana ýaýdy.
Rahmet GYLYJOW,
«Nesil».
“Nesil” gazeti,
13.03.2018ý.