TYMSAL HÄSIÝETLI TARYHY GÜRRÜŇLER

Türkmen halkynyň gadymdan gözbaş alyp gaýdýan asylly däpleri mähriban Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni röwşen ertiriň mukaddes umytlaryna besläp, abraýynyň, mertebesiniň has-da belende göterilmeginiň esasy çelgisine öwrülýär. Muňa eziz Diýarymyzyň her bir güni bilen baglanyşykly durmuşa ornaşdyrylýan wakalar esasynda hem göz ýetirmek bolýar.

Mähriban Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda hem halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen paýhas hakydasy hakynda söz açylyp, türkmen halkynyň şan-şöhratly geçmişine guwanç duýgusy dolup-daşýar, bagtyýarlyk döwrümiziň waspy bolup äleme ýaýylýar. Bu kitapda halkymyzyň asyrlarboýy dowam edip gelýän durmuş däp-dessurlaryndaky adalatlylyk, agzybirlik, bitewülik hakyndaky ýörelgeleriniň beýany türkmen medeniýetiniň ösüşiniň ählumumy taryhy we filosofiki jähetden kesgitlemesine öwrülýär.

Hormatly Prezidentimiziň edebi we taryhy akabalary bir ýere jemlän «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitaby türkmen halkynyň geçmişine bolan buýsanjynyň beýanydyr. «Türkmenler dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna, medeni-ruhy ösüşine örän uly goşant goşan iň gadymy halklaryň biridir» diýip buýsanç bilen nygtaýan hormatly Prezidentimiz köpasyrlyk türkmen taryhynyň, edebi-ruhy gymmatlyklarynyň, asyrlaryň jümmüşinden sünnälenip çykan iň nepis sungat eserleriniň bagtyýarlyk zamanasynyň ruhy binýady bolup durýandygyny nygtamak esasynda, taryhyň meşhur şahsyýetleriniň ömri we döredijiligi hakyndaky maglumatlaryň ýüze çykarylmagynyň, öwrenilmeginiň we halka ýetirilmeginiň zerurdygyny öwran-öwran nygtaýar. Kitapdaky tymsal häsiýetli taryhy gürrüňler, ilkinji nobatda, ata-babalarymyzyň döreden ruhy we medeni gymmatlyklarynyň durmuş ähmiýetli many-mazmunyny ýüze çykarmaga gönükdirilendir.

Orta asyrlaryň görnükli söz ussatlarynyň biri, ynsanyň ruhy dünýäsiniň, çeper döredijiliginiň, pelsepewi garaýyşlarynyň ösüşine özüniň ruhy täsirini ýetiren beýik şahyr Jelaleddin Rumynyň dünýä meşhur «Mesnewileriniň» hem esasy aýratynlygy ynsan terbiýesini gazanmak maksady bilen wakalary tymsallar, rowaýatlar arkaly beýan etmegidir. Asyl maksadynyň nämeden ybaratdygyny düşündirmek üçin ýüzlenilýän göçme manyly hekaýatlar — gizlin manyly aňlatmalar, tymsallar eseriň tutuş süňňüni gurşap alypdyr.

Mähriban Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň esasy aýratynlyklarynyň biri hem öňe sürýän pikirlerini halk hakydasynyň hazynasy bolan, asyrlary aşyp gelýän rowaýatlardyr tymsallar arkaly beýan etmegidir. Gahryman Arkadagymyzyň taryhyň durmuş synaglaryndan syzylyp çykan tymsallara ýüzlenmegi tötänlik däldir. Bir tarapdan, ol öňden gelýän edebi ýol hökmünde orta çyksa, ikinji tarapdan, halkyň däp-dessurlarynyň özboluşlylygy barada söhbet açmak, geçmişdäki ýaşaýyş-durmuş şertlerini suratlandyrýan wakalara ýüzlenmek, türkmen halkynyň milli aýratynlyklaryny dabaralandyrmakdyr. Halkymyzy «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelge bilen öňe sary alyp barýan mähriban Arkadagymyz halkyň durmuş tejribesi siňen rowaýatlardyr tymsallaryň pähim-paýhasly ata-babalarymyzyň asyrlarboýy adam mertebesini ähli zatdan belentde goýandygy hakyndaky hakykaty ýaýýar. Durmuş synagyndan geçen, her bir işe akylly-başly çemeleşýän, ugurtapyjy şahsyýetler baradaky gürrüňler arkaly öňe sürýän pikirini ösdürýär hem-de ýaş nesliň dogry ýoly saýlap almagy baradaky öwüt-nesihatlaryny halkyň öz pikiri bilen, oňa düşnükli bolan söhbet arkaly esaslandyrmagy ýerlikli hasaplaýar.

Mähriban Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda pikirini halk hakydasyndan alnan parçalar bilen utgaşdyryp beýan etmesiniň aňyrsynda uly many bar. Birinjiden, halk hakydasynda orun alan dürli temadaky rowaýatlardyr tymsallara ýüzlenmek arkaly, halkyň taryhy-medeni mirasyna degişli maglumatlary çuňňur öwrenendigini mälim edýär. Muňa mähriban Arkadagymyzyň «...kitap okamak, ylym-bilimiňi artdyrmak hem sogap, hem zeruryýet hasaplanýar. Şoňa görä-de, biz gowy kitaplaryň we eserleriň öňünde baş egýäris» diýen setirleri hem güwä geçýär. Ikinjiden, taryhy şahslaryň ýa-da edebi eserlerdäki, rowaýatlardyr tymsallardaky ady gaýtalanyp, halkyň ýadynda mydamalyk orun alan gahrymanlaryň, şahsyýetleriň görelde alarlyk häsiýetleriniň mysalynda ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemegi göz öňünde tutmak bilen kitap okamagyň, taryhyňa degişli maglumatlary öwrenip, bilimiňi artdyrmagyň ynsan durmuşyndaky ähmiýetini aýratyn nygtaýar. Üçünjiden, mähriban Arkadagymyz durmuşda gabat geläýjek wakalardyr ýüzleý garalmaýan meseleler baradaky pikiriniň dogrudygyny delillendirmek üçin adamlaryň ýadyna oňaýly ornajak ýoly saýlap alýar. Hut halky hakyda salgylanyp olaryň öz pikirleri bilen, halkyň ýüregine ýakyn ses bilen, halka düşnükli bolan dil bilen öňe sürýän garaýşynyň dogrudygyny ykrar etmegi, tassyklamagy makul bilýär. Çünki her bir okyjy taryhy wakalardan söz açýan bu tymsallardaky wakalary aň eleginden geçirdigiçe, Watany, il-güni, maşgalasy hakyndaky oýlanmalara berilýär. Bu kitapdaky tymsallaryň öňe sürýän esasy pikirinden gelip çykýan sabyrlylyk, tutanýerlilik, maksadaokgunlylyk, çydamlylyk ýaly häsiýetler hakyndaky öwüt-ündewlere eýerip bolsa durmuş meselelerine çemeleşer. Gahryman Arkadagymyz: «Şol gadymy rowaýatlary öz nesillerimize ata bolup öwüt etmek biziň her birimiziň nesilleriň öňündäki borjumyzdyr diýmek isleýärin. Biz beýik eýýamlary döreden ata-babalarymyzyň durmuş tejribesini şolardaky tymsallaryň manysy bilen baýlaşdyrýarys. Çünki çuňňur manyly işleri durmuşa geçirmek hemişe irginsiz gözlegleriň, öz-özüňi taplamagyň, erjelligiň, ösüşiň mümkin bolan ähli ýollary hakynda düýpli oýlanmalaryň netijesinde mümkin bolýar» diýip belleýär. Dördünjiden, durmuşyň her bir ugruna degişli wakalary halk hakydasy bilen utgaşdyryp beýan etmek arkaly, halkyň aň-düşünjeliliginiň, akyl-paýhasynyň, halky pelsepesiniň dünýä derejesindäki ornuna ünsi çekýär: «Türkmen maşgalasynyň terbiýesindäki adaty bir ýagdaýa siziň ünsüňizi çekesim gelýär. Akyldar-danyşmentleriň kitaplarynda ylym hökmünde teswirlän pikirini biz ata-babadan uly taglymat hökmünde kabul edýäris. Düýpli esaslydygy üçinem halkymyzyň ruhy mirasyndaky pähimli ýörelgeler hiç bir döwürde-de synman ýaşaýar.

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýoly bilen halkymyzy öňe alyp barýan mähriban Arkadagymyzyň asylly ýörelgeleriniň düýp özeninde Watan ykbaly bar. Halkymyzyň taryhynda möhüm orna eýe bolýan gurmak, ösdürmek, özgertmek taglymy bilen döwletiň güýç-kuwwatyny artdyryp, ýurdumyzy täze belentliklere alyp barýan mähriban Arkadagymyzyň saýasynda ata Watanymyzyň şan-şöhraty taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Çünki döwlet syýasatynyň beýik maksatlaryny durmuşa geçirmekde kämilligiň we ösüşiň nurana ýoly bilen öz halkyny öňe alyp barýan mähriban Arkadagymyzyň baş maksady — «Garaşsyz Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki abraýyny beýgeltmekdir».

Gyzylgül TAGANDURDYÝEWA,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hünärmeni.

“Nesil” gazeti,

10.03.2018ý.

Meňzeş habarlar