Gadymy hem baky juwan türkmen topragyna baharlaryň gelşi üýtgeşik. Kalby hemişe gözellige, sungata, aýdym-saza, şygyr-şahandazlyga teşne halkymyz bu ajaýyp pasly şatlyk-şowhunly baýramlar bilen garşy alýar. Mylaýym ýelleriň gerşinde ýaşyl ýaşaýşyň täze aýlawyny alyp gelýän ýaz paslynyň ilkinji günlerinde mähriban ilimizde zenanlaryň şanyna toý-baýramy uludan tutmak halkymyzyň asylly dessuryna öwrüldi. Bu baýramçylykda uz gelinleriň asyllylygy, mährem eneleriň kalba siňen hüwdüsi, gyz ýüreginiň pynhan syrdaşy bolan süýji labyzly gopuzyň gözýetimleri emaý bilen ýaňlandyrýan näzik owazy bar. Bir bakyşda hakdan içen şahyryň «Güller gözelligi senden öwrener» diýen setirini seriňe aýlaýan türkmen gözellerinde ömre ömür goşýan bu keremlikleriň hemmesi jemlenen, şonuň üçin hem biz bahara hemişe-de sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.
Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber ýürek sahawaty bilen Halkara zenanlar güni milli toýlarymyzyň senenamasynda hemişelik orun aldy. Häzirki günlerde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, edara-kärhanalarynda, jemgyýetçilik
guramalarynda, okuw we medeni ojaklarynda owadan zenanlara bagyşlanyp toý-çäreleri guralýar. Mährem enelere, baýdak ýaly gelinlere, ýaz gülälekleri ýaly göwnaçyk gyzlara belent hormat-sarpanyň nyşany hökmünde Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň adyndan pul sowgatlary, ter gül desseleri dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Bu günki günde biz türkmen zenanlaryna aýdylýan iň owadan söz çemenleri öý-ojagyň ýylysyny goramakda, maşgala mukaddesliginiň sütüni bolmakda, çagalaryna mynasyp terbiýe berip, olary ilhalar adamlar edip ýetişdirmekde bitirýän kyn hem jogapkärli zähmetini belentden ykrar edýäris.
Baharyň ilkinji günlerinde bellenilýän gözellik, näziklik, nepislik baýramy mynasybetli her ýylda «Talyp gözeli — 2018» döredijilik bäsleşigini geçirmek Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň asylly däpleriniň birine öwrüldi. Bäsleşik Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilip, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda geçirilýär.
Hoştap howa, ter gülleriň behişdi kamatyna beslenen baharyň şadyýan baýramçylyklarynyň başyny çekýän döredijilik bäsleşigi bu ýylda-da ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Bäsleşigiň deslapky saýlama tapgyrlaryna gül görmekli türkmen gözelleriniň onlarçasy öz boýdaşlary bilen bäsleşip, jemleýji tapgyra gatnaşmak hukugyna eýe boldular.
Ynha-da, arzyly sene ýetip geldi. Hepdäniň sişenbe güni ak paýtagtymyzyň iň owadan künjekleriniň birinde gurlan ajaýyp bilim binasy bolan Türkmen döwlet medeniýet institutynyň ter güller, dürli zynatlar bilen birkemsiz haşamlanan sahnasynda «Talyp gözeli — 2018» gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň talyp gyzlarynyň iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny, ruhubelentligini, watançylyk buýsanjyny, keşp hem edep gözelligini, milli däp-dessurlarymyza goýýan hormat-sarpasyny, durmuşa taýýarlygyny, edep-ekramyny, bilim-sowadyny hem halkymyza mahsus beýleki asylly häsiýetlerini açyp görkezmäge gönükdirilen bäsleşik diýseň gyzykly hem çekeleşikli geçdi.

Bäsleşige gatnaşýan gyzlaryň türkmen milli lybaslaryny geýip, sahna çykan pursatlary bu ajaýyp bäsleşigiň iň bir ýatda galyjy görnüşleri bilen gözellige maýyl ýüreklere siňdi. Uz basyp, seýkin ýöräp orta çykan gözelleriň geýen ýüpek-parçalary, gözüň ýagyny iýip barýan keşdeleri, ak, gyzyl, mawy hakyk gaşly nepis altyn-kümüş şaý-sepleriň täsin owazy hemmeleri gözelligiň jadylaýjy güýjüne maýyl etdi. Bu millilik aslymyza maýyl ýüreklerde hemişe-de kämilligiň, tämizligiň, halallygyň arassa gözbaşlary bolup ýaşaýar.
Aý kamatly gözelleriň çeper ussatlygyna baha beren eminler toparyna bu bäsleşigiň ýeňijilerini belli etmek ýeňil düşmedi. Olaryň gelen netijesine laýyklykda, «Talyp gözeli — 2018» gözellik bäsleşiginiň baş baýragyna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby Gunçagül Hangulyýewa mynasyp boldy. Arzyly 1-nji orna Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 2-nji ýyl talyby Oguljahan Gurbannazarowa, 2-nji orna Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby Aýgül Myradowa eýe boldy. 3-nji orun Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň 4-nji ýyl talyby Mahym Mätiýewa nesip etdi. Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň Hormat hatlary, gymmatbahaly sowgatlary hem ter bahar çemenleri dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ýeňşiňiz gutly hem dowamly, baýramçylyk baýraklaryň höwri köp bolsun, uz görmekli gözeller!
Aknur ATAÝEWA,
«Nesil».
“Nesil” gazeti,
08.03.2018ý.