BIZIŇ zähmetsöýer gelin-gyzlarymyz hormatly Prezidentimiziň taglymatlaryna eýerip, önümçilikde, ylymda, bilimde, saglygy goraýyş ulgamynda, medeniýetde we sungatda görelde alarlyk işleri bitirip, göwünlerimizi galkyndyrýarlar. Mähriban zenanlarymyzyň bitirýän hyzmatlaryna hormatly Prezidentimiz aýratyn hormat goýýar.
Olaryň maşgala ojaklarynyň abat, abadan bolmagyny gazanmak bilen ýaş nesli terbiýelemekde aýratyn hyzmatlary bardyr.
Gelin-gyzlarymyz gözlerimiziň röwşeni, öý-ojaklarymyzyň mähri, kalplarymyzyň nurudyr. Türkmen zenanlarynyň asyllylygy, edep-ekramlylygy ýaş gyzlarymyz üçin görelde mekdebidir. Bu owadan dünýä gelip, gyzykly durmuş öwrümleriniň akymyna düşen her bir ynsan ýaşaýyş gözellikleriniň arasyndan ýüregine mähir, kalbyna kanagat, göwnüne şatlyk berýän, öz içki dünýäsine kybapdaş zenanlara üýtgeşik söýgi bilen garaýar. Zenan durmuşyň gülüdir. Ol bütin ýaşaýşa öz mylaýymlygy bilen gözellik çaýýar. Zenanlaryň ýylgyryşy misli bir açylan bägül. Owazlary kalba melhem, ýeriň gaýmagyny bozman messan-messan basyşy, uz ýöreýşi giden bir dünýä. Zenan gözellik çeşmesidir. Zenan ar-namys we mertebe sütünidir. Çünki türkmen zenany baýdaga deňelýär. Baýdak bolsa milletiň ar-namysydyr, mertebesi hem abraýydyr. Ar-namysyň baýdagy hasaplanan zenanlar diňe bir maşgalanyň bezegi, mähremligiň, näzikligiň, owadanlygyň zyýada keşbi bolman, maşgala ojagyny abat saklamagyň, mertligiň, batyrlygyň, gaýratlylygyň öçmejek nusgasydyr. Türkmen zenanlary ir zamanlar hem öý-ojagyna, öz ýarlaryna wepalylykda taryhda yz galdyrypdyrlar. Gadymy döwürden bäri türkmen jemgyýetinde zenan maşgala diýseň mylaýym garaýyşda bolup, olara uly hormat goýlupdyr. Türkmen halkynyň şan-şöhrata baý geçmiş taryhyna nazar aýlasaň, türkmen zenanynyň asyllylygy, wepadarlygy bilen dünýäniň ruhy medeniýetinde özboluşly orna mynasyp bolandygyna göz ýetirýärsiň. Taryhyň dürli döwürlerinde gurlan ululy-kiçili döwletleriň syýasy we medeni durmuşynda zenanlaryň orny ýokary derejede bolupdyr. Häzirki döwürde-de aýal-gyzlarymyz geçmişde bolşy ýaly, erkekler bilen deň hatarda bolup, jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüni emele getirýärler.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ynsanperwerligiň, hoşniýetliligiň we döredijiligiň egsilmez güýjüni özünde jemleýän ýurdumyzda bahar paslynyň ilkinji günlerinde uly şatlyk-şowhun bilen bellenilýän Halkara zenanlar güni Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda uly ruhubelentlige beslenýär. Mähriban gelin-gyzlarymyza Halkara zenanlar güni mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň adyndan gowşurylýan sowgatlar, gujak-gujak gül çemenler olara bolan bimöçber sylag-hormatyň aýdyň şöhlelenmesidir.
Bezirgen ATAÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Merkezi Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.
“Nesil” gazeti,
06.03.2018ý.