Ýakynda Wekilbazar etrabynyň Mollanesep adyndaky şäherçe medeniýet öýünde etrap bilim bölüminiň, etrap medeniýet bölüminiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda etrapdaky 2-nji, 16-njy, 38-nji orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylaryň gatnaşmagynda «Maşgala mukaddesligi – halkymyzyň milli terbiýesiniň gönezligidir» atly şygar bilen maslahat geçirildi.
Ýaşlarda ruhy-ahlak, medeni-aň-bilim, beden we zähmet terbiýesini terbiýelemek, olary maşgala durmuşyna taýýarlamak, ýaş maşgalalaryň arasynda agzybirligi gazanmak hem-de maşgala mukaddesligine bolan söýgini döretmek maksady bilen geçirilen maslahatda täsirli çykyşlar edildi. Çykyş edenler maşgala mukaddesligi, zenanyň we erkek adamyň maşgaladaky orny, çagalaryň we ene-atalaryň ýerine ýetirmeli borçlary hakynda giňişleýin gürrüň edildi.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlar babatda döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyş sözlerini aýtdylar.
Döwlet BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Wekilbazar etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň müdiri.