Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Türkmengala etrap Geňeşiniň, «Miras» teleradio ýaýlymynyň bilelikde guramagynda geçirilen söhbetdeşlik duşuşygy has-da täsirli boldy. «Mirasym bar –buýsanjym bar» ady bilen geçirilen duşuşygyň esasy maksady halkymyzyň dünýäni haýrana goýýan milli gymmatlyklaryny hem-de medeni mirasyny ýaş nesillere düşündirmekden, ony ilat arasynda wagyz etmekden, ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda döredip we kämilleşdirip bize miras goýan türkmen telpeginiň ýasalyşyny halk köpçüligine giňişleýin ýetirmekden ybarat boldy.
Söhbetdeşlikde türkmen halkynyň hiç bir halka meňzemeýän gyrmyzy donunyň, çäkmeniniň, ezýaka köýneginiň we türkmeniň silkme telpeginiň ata-babalarymyzyň müňlerçe ýyllaryň dowamynda döredip hem-de kämilleşdirip ýaş nesillerimize goýýan ajaýyp miraslarydygy barada aýratyn nygtaldy.
Söhbetdeşlik duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlaryň her biri milli mirasymyzy düýpli öwrenmäge, ony wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Rahym GARLYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Türkmengala etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.