ŞADYÝAN GYZJAGAZLARYŇ BÄSLEŞIGI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşi zehinli ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen Andalyp şäheriniň medeniýet merkezinde etrabynyň orta mekdepleriniň 2-4-nji synplarynda okaýan, bäsleşigiň mekdep tapgyrlarynda ýeňiji bolan okuwçy gyzjagazlaryň gatnaşmaklarynda “Iň eýjejik gyzjagaz-2025” atly şadyýan bäsleşigiň etrap tapgyryny geçirdi.

Okuwçy gyzjagazlar bäsleşigiň düzgünnamasynda görkezilen şertler boýunça bäsleşip, öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Netijede, etrapdaky 69-njy orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Kerimowa Selbi 1-nji, 53-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Ataýewa Mährem 2-nji orunlara mynasyp boldylar we bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşige gatnaşan ähli gyzjagazlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

 

Berdimyrat KAKAÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Akdepe etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

17 Iýul 2025 | 1 okalan

SPORT-SAGDYNLYKDYR HEM-DE GÖZELLIK

17 Iýul 2025 | 2 okalan

SPORT – KÄMILLIGE BADALGA