Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi, Daşoguz welaýat Baş bilim müdirligi bilen bilelikde guramaklarynda ösüp gelýän ýaş nesilleriň sungata, döredijilige bolan söýgüsini artdyrmak, bilimlerini kämilleşdirmek, zehinli çagalary ýüze çykarmak we olary goldamak maksady bilen ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 2-4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlaryň arasynda yglan edilen “Iň eýjejik gyzjagaz-2025” atly şadyýan bäsleşigiň şäher tapgyryny geçirdi. Bäsleşikde Daşoguz şäheriniň 10-njy orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Altyn Saparowa 1-nji orna, 7-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Aýnäzli Jepbarowa 2-nji orna mynasyp bolup bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Ýeňijilere we bäsleşige gatnaşan gyzjagazlara TMÝG-niň ýerli Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Gülruh ATABAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Daşoguz şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.