GYMMATLY ESERIŇ BUÝSANÇLY SÖHBEDI

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşi, etrabyň Gubadag şäher medeniýet merkezinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly ajaýyp kitabyny ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen, «Gymmatly eseriň buýsançly söhbedi» atly şygary astynda “tegelek stoluň” başynda aýdym-sazly söhbetdeşlik çäresini geçirdi. Onda çykyş edenler günsaýyn ösýän we özgerýän Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz, täze taryhy döwürde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýäde parahatçylygy, abadançylygy berkarar etmek ugrunda öňe sürýän ýörelgeleriniň, ynsanperwer başlangyçlarynyň dünýäniň akyldary Magtymguly Pyragynyň edebi döredijiliginde giňden wagyz edilýän umumadamzat ähmiýetli ynsanperwer garaýyşlar bilen bir ruhy çeşmeden gözbaş alýandygy hakynda nygtadylar. Söhbetdeşlige gatnaşanlar halkymyzy eşretli zamanada ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Çäräniň dowamynda etrabyň Gubadag şäher medeniýet merkeziniň medeniýet-sungat ussatlary eziz Watanymyzy, mähriban halkymyzy, akyldar şahyrymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän ajaýyp aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler.

 

Çary KAKABAÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Boldumsaz etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

17 Iýul 2025 | 1 okalan

SPORT-SAGDYNLYKDYR HEM-DE GÖZELLIK

17 Iýul 2025 | 2 okalan

SPORT – KÄMILLIGE BADALGA