Golaýda Köneürgenç etrabynyň medeniýet merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň etrap Geňeşi etrap bilim bölümi bilen bilelikde “Iň eýjejik gyzjagaz – 2025” atly şadyýan bäsleşigiň etrap tapgyryny geçirdi. Oňa bäsleşigiň mekdebara tapgyrlarynda saýlanan eýjejik gyzjagazlaryň 37 sanysy gatnaşdy.
Bäsdeş gyzjagazlar bellenen şertleriň ählisini erjellik bilen ýerine ýetirdiler. Çaga kalplaryndan joşup çykýan ýürek buýsançlary döwrümize, owadan ýaşaýşa mukam bolup ýaňlandy. Milli egin-eşiklerini çeper sözleriň üsti bilen wasp etmekdäki çykyşlary gyzjagazlaryň söz ussatlygyny doly açyp görkezdi. El işlerini ýerine ýetirişleri olaryň hünäre teşneliginiň beýany boldy.
Eminler topary bäsleşige gatnaşyjylaryň döredijilik ukybyna, sahna medeniýetine aýratyn üns berdiler. Netijede, çekeleşikli hem gyzykly geçen bäsleşikde 50-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Täçmyradowa Aýnur 1-nji orna, 58-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Hudaýberdiýewa Dürdäne 2-nji orna mynasyp bolup, öňe saýlanmagy başardylar. Bäsleşikde ýeňiji bolan gyzjagazlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Mergen ÖWEZOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Köneürgenç etrap Geňeşiniň başlygy.