AHLAK ARASSALYGY – RUHY TÄMIZLIK

Ýakynda Büzmeýin etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Büzmeýin etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Aşgabat şäheriniň 98-nji orta mekdebiniň mejlisler jaýynda bilim alýan okuwçylaryň gatnaşmagynda «Ahlak arassalygy - ruhy tämizlik» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda edilen çykyşlarda ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, olaryň ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmaklaryny gazanmak, hukuk sowatlylygyny artdyrmak, ýaşlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga, hukuk bozulmalaryň öňüni almaga gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek hem-de türkmeniň döwletlilik ýörelgelerini, milli däp – dessurlaryny ýaşlaryň arasyna giňden ýaýmak dogrusynda giňişleýin durlup geçildi.

Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň edep-terbiýeli, bilimli, giň dünýägaraýyşly, kämil şahsyýet hökmünde kelama gelmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Bezirgen ORAZMÄMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Büzmeýin etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

17 Iýul 2025 | 56 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Iýul 2025 | 69 okalan

SAGDYN NESIL — SAGDYN JEMGYÝET

16 Iýul 2025 | 125 okalan

SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI