Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen Döwlet ýörite Çeperçilik mekdebi bilen bilelikde guramagynda «Parahatlyk sungat bilen gül açýar» ady bilen sergi guraldy.
Sergä gatnaşanlar türkmen halkynyň çeperçilik medeniýetiniň kökleri öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýandygy nakgaşlaryň, heýkeltaraşlaryň we amaly-haşam ussatlarynyň milli mirasymyzy, şekillendiriş sungatynyň görnüşlerini öwrenmekde, gorap saklamakda we geljekki nesillere ýetirmekde dürli ugurlara niýetlenen muzeýleriň uly ähmiýete eýedigi dogrusynda bellediler. Sergä işjeň gatnaşanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Serginiň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli mirasymyzy öwrenmekde ony ýaşlara ýetirmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Altyn DURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň
Bagtyýarlyk Geňeşiniň baş hünärmeni.