WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşi Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimligi bilen bilelikde Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdebiniň mejlisler zalynda «Terbiýeli nesil – ynamly geljek» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi.

Täsirli çykyşlara baý bolan çärä mekdebiň ýokary synp okuwçy gyzlary gatnaşdylar. Ýaş nesilleriň watançylyk, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýelenmegini gazanmak wagyz-nesihat çäresiniň esasy maksady boldy.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesliň bagtyýar geljegi ugrunda uly aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Gülaýym AŞYROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Berkararlyk etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

18 Iýul 2025 | 5 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

18 Iýul 2025 | 5 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Iýul 2025 | 58 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI