Ýakynda Büzmeýin etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Büzmeýin etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda Türkmen döwlet Bedenterbiýe we sport institutynyň ýazgylar jaýynda «Watanyň geljegi – nurana ýaşlar» ady bilen «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda edilen çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan çykan «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly ajaýyp eseriniň halk köpçüligine gowuşmagy dogrusynda, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň türkmen nusgawy edebiýatynyň däplerine eýerip, milli şygryýeti belende göterendigi, onuň ynsanperwerlige ýugrulan şygryýeti halkymyzy ruhy tarapdan kämilleşdirip gelendigi barada belläp geçdiler. Magtymguly Pyragynyň arzuw eden Berkarar döwletiniň, il agzybirliginiň bugünki gün durmuş hakykatyna öwrülendigini nygtadylar.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar bagtyýar durmuşy peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Maýa ŞÄMIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Büzmeýin etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.