WOLEÝBOLDA ERJELLER ÝEŇDI

     Bäherden etrabynyň sport mekdebinde etrap Ýaşlar guramasynyň hem-de etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda woleýbol boýunça sport mekdebiniň birinjiligini almak ugrunda  ýaryş geçirildi. Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde ýaş nesliň wagtlaryny peýdaly geçirmegini, berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini gazanmak maksady bilen geçirilen ýaryşa 2008-2009-njy ýyllarda doglan ýaşlar gatnaşyp, sport ussatlygyny görkezdiler.

     Çekeleşikli geçen ýaryşda “Galkynyş” topary birinji, “Berkarar” topary ikinji, “Arkaç” topary üçünji orny eýeläp, Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlara mynasyp boldy.

 

Seýdylla ÝAZMÄMMEDOW,

TMÝG-niň Bäherden etrap

Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Iýul 2025 | 1 okalan

HALKARA FORUMA TAÝÝARLYK GÖRÜLÝÄR

16 Iýul 2025 | 90 okalan

ÇAGALAR ERJELLIGINI GÖRKEZDILER

16 Iýul 2025 | 48 okalan

ZENAN ELI GYZYL GÜL