ÇAGALAR ERJELLIGINI GÖRKEZDILER

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hem-de «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň bilelikde guramagynda Gökdere jülgesindäki Ahal welaýat häkimligine degişli bolan «Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde «Sagdyn bedende — sagdyn ruh» atly sport ýaryşlary geçirildi.

Çagalaryň şadyýan dynç almagyny, sagdyn ruhly, berk bedenli bolup ýetişmeklerini gazanmak, olarda sporta bolan höwesi ýokarlandyrmak hem-de höweslendirmek maksady bilen geçirilen ýaryş uly gyzyklanma döretdi. Ýaryşyň netijesinde sportuň hereketli oýunlar, şaşka, küşt, kiçi futbol, woleýbol görnüşleri boýunça ýeňijileri kesgitlendi. Ýeňijilere ýaryşy gurnaýjylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Annamuhammet GULOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Öňki makala

ZENAN ELI GYZYL GÜL

Meňzeş habarlar

16 Iýul 2025 | 1 okalan

ÇAGALAR ERJELLIGINI GÖRKEZDILER

16 Iýul 2025 | 1 okalan

ZENAN ELI GYZYL GÜL

14 Iýul 2025 | 43 okalan

“ÝAŞLAR – WATANYŇ DAÝANJY”