Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 24-25-nji oktýabrynda Italiýa amala aşyran ilkinji resmi sapary taryhy ähmiýetli wakalaryň biri bolup, iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklara, özara bähbitli hyzmatdaşlyga täze badalga berdi. Şonuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Italiýa amala aşyran resmi sapary mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň guramagynda wagyz-nesihat häsiýetli duşuşyklardyr-maslahatlar, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler geçirilýär. Arkadag şäheriniň teleradio studiýasynyň binasynda geçirilen «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik hem şeýle çäreleriň biri boldy.
Söhbetdeşlikde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dünýäniň dürli döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigi, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylýandygy, ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende göterilýändigi dogrusynda täsirli gürrüň edildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Ýewropanyň ösen ýurtlarynyň biri bolan Italiýa amala aşyran ilkinji resmi sapary baradaky söhbede aýratyn ähmiýet berildi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň Italiýa amala aşyran ilkinji resmi saparynyň barşynda geçirilen iki taraplaýyn duşuşyklar, Rim şäherinde geçirilen türkmen—italýan işewürlik maslahaty, iki ýurduň degişli düzümleriniň arasynda alşylan we gol çekilen resminamalar hem-de beýleki çäreler buýsanç bilen aýratyn nygtaldy.
«Tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlige gatnaşanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Ýer ýüzüniň alys-ýakyn döwletleri bilen gatnaşyklary rowaçlandyrýan, dünýäde parahatçylygyň dabaralanmagy ugrundaky tagallalara saldamly goşant goşýan hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlarynyň uly üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris.
Merdanaly ORAZBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Ahal welaýat Geňeşiniň başlygy.












