Toýly mekan röwşen geljege barýar

 Hormatly Prezidentimiz 25-nji awgustda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi.

 Halkymyzyň şan-şöhratyny has-da belende galdyrjak, “Aşgabat 2017” oýunlarynyň barha golaýlaşýan günlerinde halk hojalygynyň ähli ugurlarynda bedew batly ösüşler öz beýanyny tapýar. Oňa hormatly Prezidentimiziň geçen hepdäniň anna güni geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisini teleýaýlym arkaly synlan her bir adam doly göz ýetirendir. Nobatdaky mejlisde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesine we käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi.

 Milli Liderimiz ilkinji nobatda maliýe-bank ulgamynyň edaralarynyň işlerini kämilleşdirmeklige seretdi. Bu ulgamda halkara tejribesini giňden ornaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygy barada aýdyldy. Gahryman Arkadagymyz hasabaty diňläp, ykdysady ulgamyň özgerdilmeginiň milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak bilen berk baglydygyny belledi. Ýurdumyzyň dünýä hojalyk aragatnaşyklaryna goşulyşmagynyň ähmiýetini nygtap, oňa girýän daşary döwletler, kompaniýalar, maýadarlar bilen hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirmäge ünsi çekdi.

 Balkan welaýatynda ýerleşýän Gyýanly şäherçesi ýurdumyzyň iri senagat nokatlarynyň biri hasaplanýar. Gyýanlynyň golaýynda täze gazhimiýa toplumyny gurmak bolsa, ykdysady ösüşleriň badalgasyna öwrüler. Ine, şol sebäpli-de gazhimiýa toplumyny gurmak ýurdumyzyň senagat kuwwatlyklaryny artdyrar. Hormatly Prezidentimize gazhimiýa toplumynyň taslamasynyň taýýarlanyşy barada hasabat berildi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň ýangyç energetika toplumynyň öňünde duran wezipeler hakynda durup geçmek bilen, Hazaryň türkmen kenaryndaky uglewodorod känlerini senagat taýdan işlemek we tehnologiýalar bilen üpjün etmek meselesini işjeňleşdirmelidigini aýtdy. Şu babatda milli Liderimiz daşary ýurtlaryň tejribeli kompaniýalarynyň ýurdumyzda netijeli işleri alyp barýandygyny Ýaponiýanyň iri kompaniýalarynyň mysalynda belläp geçdi.

 Oba hojalygyny ösdürmek — Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ileri tutulýan meseleleriň biri boldy. Ýaşuly nesilleriň badalga bermeginde ähli welaýatlarda güýzlük bugdaý ekişine başlanandygyny, şunuň bilen birlikde gowaçalaryň hatar aralaryny bejermek işleriniň tamamlanyp barýandygy aýdyldy. Milli Liderimiz ýetişen “ak altynyň” bol hasylyny ýygnamak işinde pagtaçylara uly ynam bildirmek bilen, 30- njy awgustda ýurdumyzyň Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda, 6-njy sentýabrda bolsa, Daşoguz sebitinde pagta ýygymynyň başlanmagyna ak pata berdi. Bu işe ýaşuly nesliň wekilleriniň gatnaşyp, ýygyma başlap bermegini haýyş etdi.

 Dokma pudagy halk hojalygynda iň kuwwatly we düşewüntli ulgam saýylýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda dokma senagaty kärhanalarynyň ençemesi gurlup, halka hyzmat edýär. Şol kärhanalarda ekologiýa taýdan ýokary derejeli, ynsan saglygy üçin ýaramly ak pagtadan dokma önümleri taýýarlanylýar. Dokma pudagynyň öňünde şu ýyl has uly wezipe durýar. Ol hem sentýabr aýynda geçiriljek “Aşgabat 2017” oýunlaryna gatnaşjaklar üçin sport lybaslary we sowgatlyklary öndürmekdir. Şeýle döwrebap ülňüli, ynsan bedeni üçin ýaramly eşikleriň taýýarlanmagynyň halkymyzyň dünýä ýüzünde at-abraýyny galdyrjakdygyny, Diýarymyzda gazanylýan üstünlikleri mahabatlandyrjakdygyny milli Liderimiz aýratyn nygtady.

 Ýurdumyzda myhmany güler ýüz bilen garşy almak milli däplerimiziň biridir. Paýtagt şäherimizi abadanlaşdyrmak işlerine aýratyn üns berilmegi, şäheriň bezeginiň, yşyklandyrylyşynyň döwrebap öwüşginler bilen özleşdirilişi hem şol däpleriň dowamatydyr. Şeýle ajaýyp däpler ýurdumyzyň ykdysady gatnaşyklarynda hem, telekeçilik işinde-de, ýaş nesilleri ylymly, bilimli adamlar edip ýetişdirmekde-de öz beýanyny tapýar. Ine, ýene-de sanlyja günden ak mekdepleriň goýnuna doljak ýaş nesilleriň baýramy — Bilimler we talyp ýaşlar güni hem şeýle milli däpleriň arzylanýan günüdir. 2017 — 2018-nji täze okuw ýyly öňkülere garaňda has röwşen röwüşe eýe bolýar. Bu okuw ýylynda ýurt Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde tölegli bölümleriň açylmagy, täze Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutynyň, Magtymguly adyndaky TDU-nyň Himiýa fakultetiniň, Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkeziniň binalarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi juda guwandyryjydyr.

Barha gülläp ösýän ýurdumyzda ýol-ulag ulgamlarynda hem özgerişler az däl. Muňa mysal edip jemgyýetçilik ulaglarynda elektron tölegleriň awtomatlaşdyrylan ulgamynyň oturdylmagy boýunça alnyp barylýan işleri aýdyp bolar.

Ýurdumyzda kanunçylyk-hukuk binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak barada hem düýpli işler alnyp barylýar. 26-njy awgustda Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty geçirilip, onda kanunçylygy we düzgün-tertibi üpjün etmek, türkmen jemgyýetini demokratiýalaşdyrmak, medeni-aň bilim, haýyr-sahabat işlerini kanunçylyk taýdan üpjün etmek bilen bagly kanunçylyk taslamalarynyň birnäçesine garaldy.

 Danalaryň biri “Medeniýetiň we ylmyň gülläp ösýän ýurdy kuwwatlydyr” diýýär. Mähriban Diýarymyzyň medeniýet ulgamyna ser salanyňda, şol aýtgynyň müň keren dogrudygyna göz ýetirýärsiň. Sebäbi döwlet ähmiýetli çäreleriň her biri aýdym-sazsyz, toý-tomaşasyz geçmeýär. Şu günler ýurdumyzda “Aşgabat 2017” oýunlary mynasybetli boljak çärelere aýratyn taýýarlyk görülýär. Ýurdumyzyň ähli ýerinde Gurban baýramy mynasybetli baýramçylyk çäreleri, paýtagtymyz Aşgabatda bolsa, “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçiriler. 7-nji sentýabrda — “Aşgabat 2017” oýunlarynyň başlanmagyna 10 gün galanda Mary welaýatynda ýerleşýän “Galkynyş” gaz käninde Aziadanyň mukaddes ody ýakylar we ýagty çyrag bolup lowurdajak ol röwşen kuýaş V Aziýa oýunlarynyň dabaraly açylyşyna getiriler.

 Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde bulardan başga-da harby düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadynyň üpjün edilmeginiň, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň, aýratyn-da, “Aşgabat 2017” oýunlarynyň geçirilýän döwründe asudalygy, howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmegiň meselelerine seredildi we degişli çözgütler kabul edildi.

Mejlisiň soňunda Gahryman Arkadagymyz oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala agzybirligini we işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

“Nesil” gazeti,

29.08.2017ý.

Meňzeş habarlar