Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynda iş saparynda boldy.
Prezidenti Serž Sargsýan bilen resmi duşuşyk geçirdi. Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna gabat gelen bu duşuşyklara syýasy taýdan ýokary ähmiýet berildi.
Bu resmi sapar öňden gelýän dostlugy we ynanyşmaga daýanýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak, täze ugurlar bilen ösdürmek ýaly meselelere bagyşlandy.
Türkmenistanyň hormatly Prezidenti iki dostlukly ýurtlaryň energiýa howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamy, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmek ýaly meselelerde ugurdaş garaýyşlara esaslanýanlygy hakynda hoşallyk bilen belledi. Iki ýurduň gatnaşyklarynda aýratyn möhüm orun eýeleýän söwda-ykdysady ulgamda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-ermeni topary uly işleri alyp barýar. Energetika, ulag, dokma senagaty, maliýe-bank ulgamy, oba senagat toplumy, saglygy goraýyş ýaly ulgamlar ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlendi. Iki ýurduň işewür toparlary özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama we howa gatnawlary hakynda hökümetara Ylalaşyga laýyklykda, Aşgabat bilen Ýerewanyň arasynda göni howa gatnawlaryny açmak we soňra üçünji ýurtlaryň ugry boýunça gatnawlaryň çägini giňeltmek, Ýerewanda Türkmenistanyň şeýle hem Aşgabatda Ermenistanyň Söwda öýlerini açmak mümkinçilikleri hakynda pikir alyşdylar. Türkmenistan bilen Ermenistany taryhy umumylyklar we gadymdan gelýän medeni gatnaşyklar birleşdirýär. Duşuşykda medeniýetde, ylymda, bilimde we sportda alnyp barylýan hyzmatdaşlyklary barha ýygjamlaşdyrmagyň anyk ugurlary kesgitlendi. Pursatdan peýdalanyp, milli Liderimiz Prezident Serž Sargsýany «Aşgabat 2017-niň» açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelmäge çagyrdy. Ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soň, Türkmenistanyň we Ermenistanyň Prezidentleriniň gatnaşmaklarynda döwletara ylalaşyklaryna gol çekmek dabarasy boldy.
Resminamalara gol çekmek dabarasynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýan Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.
Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki ýurduň Prezidentleri metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler. Metbugat konferensiýasynda hormatly Prezidentimiz Ermenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gelip görmäge çagyrdy. Bilşimiz ýaly, “Aşgabat 2017-niň” dabarasy dag aşýar. Ermenistanda iňlis dilinde neşir edilen bezegli žurnal muňa mysal bolup biler. Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan çap edilen bu ýygyndyda beýan edilýän maglumatlar sport janköýerlerinde uly gyzyklanma döretdi.
Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Ermenistana bolan resmi saparynyň çäklerinde Ermenistan Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Başlygy Ara Babloýan şeýle hem Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Karen Karapetýan bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ermenistana bolan resmi sapary türkmen myhmanlarynyň hatyrasyna resmi agşamlyk naharynyň berilmegi bilen tamam boldy. Bu agşamlyk naharynda iki ýurduň döwlet Baştutanlary söz sözlediler. 24-nji awgustda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ermenistanyň Prezidenti Serž Sargsýanyň Ýerewanyň halkara howa menzilinden ugratmagy bilen ata Watanymyza dolanyp geldi.
“Nesil” gazeti,
26.08.2017ý.












