Hormatly Prezidentimiz dikuçary özi dolandyryp, mermer paýtagtymyzda we onuň töwereklerinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Hepdäniň sişenbe güni aýratyn bir ýakymly howasy bilen bedenlere rahatlyk berdi. Tomsuň soňky günleri bilen güýzüň ilkinji çigreklije günlerini duşurýan howanyň serginligi hormatly Prezidentimiziň ägirt uly tutumlaryna rowaçlyk diläp, dikuçarly geçirýän işine üstünlik arzuwlaýan ýalydy. Ähli halkynyň beden taýdan sagdynlygyny, ruhy taýdan belent bolmagyny isleýän Gahryman Arkadagymyz uçuş meýdançasyna welosipedli geldi. Egni sport lybasly, kalby ýaşlyk joşgunly hormatly Arkadagymyz dikuçara atlanyp, guşuçar belentlige galyp, paýtagt şäherimize we onuň golaýyndaky ýerlerde edilýän işlere ser saldy. Häzirki günlerde tutuş halkymyzyň, aýratyn-da milli Liderimiziň barha ýakynlaýan halkara derejeli sport baýramyny abraý bilen geçirmek, myhmanlary mynasyp garşylamak baş aladasy bolup durýar. Şol sebäpli-de hormatly Arkadagymyz ilki bilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri bolan owadanlykda we kaşaňlykda akylyňy haýran edýän Olimpiýa şäherçesini synlady. Ýöne awtoulagly deňinden geçip gideniňde gözüňe röwşenlik çaýýan bu göwher binalara beýikden seretmegiň lezzetiniň başgadygyna teleýaýlym arkaly syn eden her bir adam düşünýär. Desgalar toplumynyň gupba ýaly bolup oturan binalary häzirki zaman ösen arhitektura — inženerçiligiň iň oňat tejribesi bilen milli binagärçiligiň saýlama däpleriniň sazlaşygyny emele getirýär. Olimpiýa şäherçesiniň ýa-da tutuş ýurdumyzyň däl, eýsem yklymyň iň uly çeper-monumental keşbini emele getiren, “Aşgabat 2017-niň” esasy nyşany bolan bedew atymyz gaýtalanmajak gözelligi döredip dur. Ol göýä halkymyzyň belende galan üstünliklerini, belentden synlaýana çalymdaş. Olimpiýa şäherçesiniň ýene bir gözel sport binasy bolan, Olimpiýa suw sport toplumynyň dünýäde deňi-taýy ýokdur. Sport baýramçylygynyň öňüsyrasynda dünýäde deňi-taýy bolmadyk Aşgabadyň Olimpiýa stadionynyň esasy bezegi bolan bedew atymyzyň çeper-monumental keşbiniň hem-de dünýäde iň uly suwda ýüzülýän üsti ýapyk howzuň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi juda guwandyryjy habardyr.
Ýurdumyzda halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak üçin hem ummasyz işler alnyp barylýar. Oňa biz edil sanlyja wagtyň dowamynda gurlup ulanylmaga berlen ýaşaýyş jaý toplumlarynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Hormatly Prezidentimiz uçuş döwründe Parahat — 7 ýaşaýyş toplumynda ýerine ýetirilýän işleri synlady. Belentden hatarlanyşyp görünýän köp gatly mermer binalar we dürli maksatly desgalar sazlaşykly ösüşiň nyşanydyr. Hormatly Prezidentimiz gözel paýtagtymyzy ähli tarapdan ösdürmek bilen bilelikde ýol-ulag düzümini kämilleşdirmäge aýratyn üns berýär. Ýaşaýyş jaý toplumlarynda awtoulag duralgalarynyň, Aşgabat — Daşoguz, Aşgabat — Mary ýolunyň ugrunda şeýle hem paýtagtymyzy günbatar sebiti bilen birleşdirýän ýoluň ugrunda birnäçe müň ulag orunlyk duralgalaryň gurlup, halka hyzmat etmegi göwnemakul işleriň biridir.
Gözel Diýarymyzda her bir şanly senäni toý-baýrama beslemek, dünýäniň ösen derejesine ýetirmek milli medeniýetimiziň batly gadamlarynyň şaýady. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Mary welaýatynda gurlan “Türkmeniň Ak öýi” binasy medeni çäreleri geçirmek babatynda oňaýly şertleri, döwrebap tehnikalary bilen tapawutlanýar. Şeýle desgalaryň ýene biri Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyny” görke getirdi. Hormatly Prezidentimiz dikuçardan “Ak öý” binasyny synlamak bilen halkymyzyň asyrlarboýy söýgülän altmyş başly ak öýleriniň nurana keşbini özünde jemleýän binanyň hut özüne baryp, işleriň gidişi bilen tanyşdy. Bu ýerde hormatly Prezidentimize binanyň enjamlaşdyrylyşy we bezeg aýratynlygyna degişli birnäçe taslamalar görkezildi. Taslamalar barada öz belliklerini aýtmak bilen milli Liderimiz medeni köpçülik çäreleri geçirilende, 3 müň adam ýerleşer ýaly derejede gurlan maslahat jaýyny hem synlady.
Ýurdumyzda halk hojalygynyň beýleki pudaklary bilen birlikde oba hojalygynyň ösüşine-de aýratyn üns berilýär. Ony biz dikuçarda uçuş geçirýän hormatly Arkadagymyzyň paýtagtymyza ýanaşyk ýerleşýän Ahal welaýatynyň ekerançylyk ýerlerini zol-zol synlamagyndan, Ak bugdaý etrabynyň ekerançylyk ýerlerinde ýaýbaňlandyrylýan meýdan işlerine üns bermeginden hem duýýarys.
Yhlasly zähmet çekýän halkymyzyň saglygy — baş baýlyk hasaplanýar. Lukman Arkadagymyz uçuş döwründe saglygy saklaýyş ulgamyny birjik-de ünsden düşürmedi. Döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan saglygy saklaýyş desgalary, anyklaýyş merkezleri halkymyzyň sagdyn, ömürleriniň uzak bolmagynda diýseň ähmiýetlidir. Häzirki döwürde şeýle merkezleriň ýene-de birnäçesiniň gurulmagy dowam etdirilýär.
Ýurdumyzy gülçülige, bagy-bossanlyga büremekde, köçeleriň arassa saklanmagynda jemagat hojalygy ulgamynyň täsiri uludyr. Ine, şu täze okuw ýylynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen şol ulgamda zähmet çeker ýaly hünärmenleri taýýarlajak Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutynyň işine badalga berilmegi il-ulsy göwnühoşluga besledi. Hormatly Prezidentimiz dikuçarda täze institutyň binalar toplumyny dykgat bilen synlady.
Jemläp aýdanymyzda, mermer binalary bilen göreni haýran galdyrýan gözel Aşgabat şäherimiz gün-günden owadanlaşýar. Hormatly Prezidentimiziň sözleri bilen aýdanymyzda, Türkmenistan — Merkezi Aziýanyň göwheri, Aşgabat — onuň merjen şäheri.
Saba säher bilen gündogardan ýalbyrap Gün doganda, tylla tyglary mermer binalara düşüp, gözlere röwşenlik çaýýar. Göýä, Magtymguly Pyragynyň gözellerimizi taryplap aýdyşy ýaly, tylla Günüň garşysynda Aý dogan ýaly bolýar. Mähriban halkymyzy Gün kimin gyzgyn çogy bilen çoýýan, Gahryman Arkadagymyzyň maksatlary myrat tapýar. Oňa biz hormatly Prezidentimiziň dikuçar arkaly synlan işleriniň mysalynda has hem aýdyň göz ýetirýäris.
“Nesil” gazeti,
24.08.2017ý.












