ÝAŞLAR — WATANYMYZYŇ SYNMAZ KUWWATY

     Ýaşlar — Watanymyzyň synmaz kuwwaty. Olar döwletimi­ziň ýagty geljegidir, gazanylýan ösüşlere itergi beriji güýçdür. Häzirki wagtda döredilýän mümkinçiliklerden ruhlanyp, türk­men ýaşlary milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýetilýän sepgitlere, gazanylýan ösüşlere mynasyp goşant goşýarlar. Mu­nuň özi ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň has­da dabaralanýan­dygyny tassyklaýar. Ýurdumyzda ýaş nesilleri ählitaraplaýyn bilimli, ylymly, ussat hünärmenler edip ýetişdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şu jähet­den, ýurdumyzda ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyk ylym­-bilim almagy, häzirki şertlerde ylmy­ tehniki öňe gidişlige çalt uýgun­laşmaklary üçin giň şertler döredilýär. Belläp geçsek, häzirki wagtda ýurdumyzda «Türkmenistan­da sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» hem üs­tünlikli amala aşyrylýar. Onuň çäklerinde bilim alýan ýaşlary okatmakda täze sapaklar girizilip, bilim edaralarynyň maddy­ enjamlaýyn binýady berkidilýär. Bilim terbiýeçilik edaralaryna ýokary hilli tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen, yzygiderli onlaýn usulda sapaklar guralyp, sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden peýdalanylýar. Bu bolsa ýaşlaryň akyl ukyplaryny netije­li peýdalanmaga, kompýuter tehnologiýalaryndan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Munuň özi ýaşlaryň ylym­-bilim ulgamynda kämilleşmegi bilen bagly işleriň ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň düýp özenini düzýändigini subut edýär.

 

 

Güljeren HALYMOWA,

 Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen

 milli dünýä dilleri institutynyň talyby.

 

turkmenportal.com