Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Darganata etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň bilelikde guramaklarynda, ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen halysynyň milli baýramy mynasybetli, etrabyň çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň gurnak agzalarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halysy — arşyň nepisligi» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Baýramçylyk çäresinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Darganata etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni Dünýägözel Haýtekowa, Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň gurnak ýolbaşçysy Aýjemal Bekiýewa dagy çykyş edip, gurnak agzalaryny türkmen halysynyň milli baýramy bilen gutladylar. Şeýle hem çykyşlarynda çagalary hemmetaraplaýyn alada hem-de mähir bilen gurşap almak milletimize mahsus ýörelgedigini, ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berilýän çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň, ähli amatlyklary bolan sport mekdepleriniň, meýdançalaryň we çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň ählisiniň mähriban Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesiller üçin niýetlenendigini buýsanç bilen bellediler. Baýramçylyk çäresiniň dowamynda gurnak agzalaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Darganata etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
TMÝG-niň Lebap welaýat Geňeşi
TÜRKMEN HALYSY — ARŞYŇ NEPISLIGI
30 Maý 2023
7399

Meňzeş habarlar
16 Awgust 2025
| 67 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY – DEMOKRATIÝANYŇ MILLI...
16 Awgust 2025
| 60 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>
BEÝIK MAKSATLY ÝAŞLAR
15 Awgust 2025
| 73 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>