BEDEWLER SUNGATYŇ DILINDE

Golaýda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we bu ýokary okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda «Türkmen bedewi — gözelligiň nusgasy» atly döredijilik bäsleşik sergisi boldy. Sergä ýurdumyzyň erkin suratkeşleriniň, ýörite çeperçilik mekdebiniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň halypa mugallymlarynyň, talyplarynyň 400-e golaý nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, grafika, amaly-haşam sungatynyň dürli görnüşleri boýunça döreden eserleri hödürlenildi.

Döredijilik bäsleşik sergisinde tapawutlanan ýaşlara, halypa mugallymlara sergini guraýjylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Jemal TORYÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik

akademiýasynyň mugallymy,

“Edebiýat we sungat” gazeti.

Meňzeş habarlar

07 Noýabr 2025 | 162 okalan

BILIMLI ÝAŞLAR – WATAN DAÝANJY

07 Noýabr 2025 | 109 okalan

ŞU GÜNE BUÝSANÇ, ERTIRE YNAM

07 Noýabr 2025 | 102 okalan

NARYŇ PEÝDASY BARADA