Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Hormatly Prezidentimiz 28-nji aprelde geçiren Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini açyp, oňa gatnaşyjylary we halkymyzy Türkmen bedewiniň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçmek bilen, ilki Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna söz berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, soňky ýyllarda bazar ykdysadyýetini kemala getirmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň yzygiderli görülýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, milli kanunçylygyň kämilleşdirilmegi, şeýle hem ýurdumyzyň telekeçilerine guramaçylyk we maliýe goldawynyň berilmegi öz oňyn netijelerini berýär.
Hormatly Prezidentimiz dünýäniň energetika döwletleriniň hataryna girýän ýurdumyzyň baý ýangyç serişdelerini netijeli we rejeli ulanmagyň Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz önümçilik we durmuş ulgamlaryna tygşytlaýjy kämil tehnologiýalary hem-de tebigy gazyň sarp edilişini hasaba almagyň halkara ölçeglerine laýyk gelýän ulgamlaryny giňden ornaşdyrmak babatda anyk tabşyryklary berdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň köp şahaly awtomobil ýollaryny gurmagyň we abatlamagyň barşyna gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy. Olar ähli ölçegleri boýunça howpsuzlygyň dünýä ölçeglerine we talaplaryna kybap gelmelidir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz alnyp barylýan işleriň hiline hem-de bellenilen möhletde ýerine ýetirilmegine aýratyn üns bermek barada anyk görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ägirt uly eksport hem-de maýa goýum kuwwatyny durmuşa geçirmekde halkara sergileriniň hem-de işewür maslahatlarynyň geçirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle çäreleriň ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň dünýä bazarlaryna çykarylmagynda, önüm öndürijileriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ýygjam gatnaşyklaryň ýola goýulmagynda has-da möhümdir diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Jemagat hojalygy institutyny döretmek hem-de zerur bolan ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak meselesi barada durup geçip, täze ýokary okuw mekdebiniň Ýewropanyň önüm öndürijileriniň iň kämil döwrebap enjamlary hem-de tehnologiýalary bilen üpjün edilmeginiň, bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň içgin öwrenilmeginiň wajypdygyny belledi.
Soňra Mejlisiň Başlygy ýurdumyzyň parlamentiniň döwlet durmuşynyň ileri tutulýan möhüm ugurlary bilen baglylykda, kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işleri, Aşgabat şäheriniň häkimi häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň baş şäherini ähli görkezijiler babatda sazlaşykly ösdürmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.
Döwlet Baştutanymyz habarlary diňläp, türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmagyň, milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryny okgunly ösdürmegiň bähbidine ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny yzygiderli kämilleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ak mermerli Aşgabatda ýerasty we ýerüsti ulag hem-de pyýada geçelgeleriniň, köprüleriň gurluşygyna we beýleki zerur düzümleriň üpjün edilmegine jogapkärçilikli hem-de hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini tabşyrdy.
Welaýatlaryň häkimleri häzirki döwürde welaýatyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin işleriň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna ünsi çekip, gowaça ekişini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda bellenen möhletlerde we ýokary hilli geçirmek, galla oragy möwsümine ýokary derejede taýýarlyk görmek we beýleki meýdan işlerini kada laýyk derejede ýola goýmak işlerine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini tabşyrdy.
Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary — ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.
Mejlisiň barşynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Şol gün hormatly Prezidentimiz milli parlamentiň baştutanyndan, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryndan, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryndan, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlerinden ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli gutlaglary kabul etdi.
“Nesil” gazeti,
30.04.2017ý.












