ROWAÇLYK ÝOLY BILEN

 Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň medeniýet we syýahatçylyk ulgamyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, käbir pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.

 Hormatly Prezidentimiziň 24-nji aprelde geçiren wideoşekilli iş maslahatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary we sebitlerde halkymyzyň abadan durmuşy we döredijilikli zähmeti üçin ähli şertleriň döredilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň ýerine ýetirilişine garaldy. Şeýle hem ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek we şanly seneleri, ilkinji nobatda bolsa aprel aýynyň ahyrynda bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramyny dabaralandyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Aşgabat şäherini we ýurdumyzyň welaýatlaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, şäher düzümlerinde abadançylygy üpjün etmek, oba hojalyk ulgamynyň işini kämilleşdirmek, önümçilik pudaklaryna täzeçil tehnologiýalary, ösen tejribeleri işjeň ornaşdyrmak, iň esasy bolsa halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly wezipeleriň üstünlikli çözülmeginiň aýratyn möhümdigini belledi.

 Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Garajaýew çagyryldy. Wise-premýer häzirki döwürde ýurdumyzda şanly seneler mynasybetli medeni-köpçülikleýin çäreleri guramak, şeýle hem bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda geçirilýän medeni-köpçülikleýin çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini talap etdi. Milli baýramçylyklaryň we beýleki iri çäreleriň guramaçylyk ýagdaýyna, taýýarlygyna bir bitewi çemeleşmeleriň ýokdugyny aýdyp, bu ugurda ýörite maksatnamanyň işlenip taýýarlanylmagynyň möhümdigini belläp, döwlet Baştutanymyz munuň özüniň medeni-köpçülikleýin çäreleriň ähmiýetiniň has-da ýokarlanmagynda wajypdygyny aýtdy.

 Soňra hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň başlygy M.Annabaýewi göni aragatnaşyga çagyrdy. Hormatly Prezidentimiz milli tebigatymyzyň ajaýyplyklaryny saklamak, ýer serişdelerini netijeli peýdalanmak, tokaý zolaklaryny döretmek, ozal bar bolan bag nahallaryna degişli derejede ideg etmek meselelerine ünsi çekip, bu ugurda pudagyň ýerine ýetirýän işlerine düýpli nägilelik bildirdi.

 Wideoşekilli iş maslahatynda ýurdumyzyň içeri işler ministri I.Mulikow häzirki döwürde gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki döwürde ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň ähli düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilýändigine, oňa dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň işjeň ornaşdyrylýandygyna garamazdan, ministrligiň bu ugurda alyp barýan işlerine düýpli nägilelik bildirdi.

 Iş maslahatynyň barşynda döwlet durmuşyna degişli başga-da, birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we olar boýunça degişi çözgütler kabul edildi.

“Nesil” gazeti,

27.04.2017ý.

Meňzeş habarlar