Eziz Diýar öňe barýar

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy hem-de ýurdumyzyň durmuşyna degişli derwaýys meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

 Hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň 21-nji aprelde geçiren nobatdaky mejlisinde ilki bilen halkara hyzmatdaşlygy meselelerine garaldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň mejlisinde 2018 — 2020-nji ýyllarda Türkmenistanyň BMG-niň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşine, 2018 — 2022-nji ýyllarda Zenanlaryň statusy boýunça komissiýa agzalyga saýlanylmagy barada BMG-niň ştab-kwartirasyndan hoş habaryň gelip gowşandygy aýdyldy. Munuň özi Bitarap Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda bu ugurda yzygiderli alyp barýan giň möçberli işleriniň oňyn netije berýändiginiň we mähriban Watanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýynyň ýokarlanýandygynyň subutnamasydyr.

 Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we döwlet eýeçiliginiň dolandyrylyşynyň netijeliligini artdyrmak, kärende gatnaşyklaryny tertipleşdirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler hakyndaky hasabaty diňledi. “Kärende hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň täze rejelenen görnüşine laýyklykda, ýurdumyzyň Ministrler Kabineti tarapyndan döwlet eýeçiligini kärendä bermegiň, şertnamalary baglaşmagyň tertibini, olary hasaba almagyň düzgünlerini, kärendä berýänleriň we kärendeçileriň borçnamalarynyň, başga-da birnäçe meseleleri kesgitleýän maksatnama işlenip taýýarlanylýar.

 Häzirki döwürde iri senagat merkezi kemala gelýän Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesiniň çäginde bazalt süýüminiň, ýylylyk saklaýjy we kompozit gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi boýunça zawodyň gurluşygy hakyndaky teklibe seredip, hormatly Prezidentimiz ýakyn ýyllaryň içinde dag-magdan senagatynda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan, nebitgaz, gurluşyk, awtoýollar we beýleki pudaklarda ulanylýan önümçilik boýunça täze zawodlary döretmegiň zerurdygyny aýtdy.

 Mejlisde häzirki döwürde gowaça ekişi dowam edýän hem-de galla oragyna taýýarlyk görülýän möwsümiň barşy, ýurdumyzyň obasenagat toplumyndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem ýol-ulag düzümini ösdürmek, Aşgabady abadanlaşdyrmak we onuň şäher gurluşyk-binagärlik keşbini gowulandyrmak bilen baglanyşykly meselelere hem garaldy.

 Döwlet Baştutanymyz 29-njy aprelde Aşgabatda Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşigini, şeýle hem ady rowaýata öwrülen bedewleriň çeper keşbini beýan etmek boýunça suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň we teleoperatorlaryň arasynda bäsleşik geçirmek hakyndaky Buýruga gol çekdi.

 Hormatly Prezidentimiz 2017-nji ýylda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen önümçilik we medeni-durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň sanawyny tassyklady. Ähli alnyp barylýan işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilişine, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine gözegçiligi güýçlendirmek maksady bilen resminama işlenip taýýarlanyldy.

 Ýurdumyzyň telekeçileri «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň düzümleýin ösüşine uly goşant goşýarlar. Ol ýerde ýakyn wagtyň içinde iki gatly kottejleriň  66-syny, şeýle hem bäş sany dynç alyş toplumlaryny gurmak meýilleşdirildi. Döwlet Baştutanymyzyň ykdysadyýetimiziň syýahatçylyk pudagynyň girdejili pudaga öwrülmelidigini, onda täze iş orunlarynyň döredilmelidigini belledi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň dokmaçylarynyň şu ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany şekillendirilen önümlerini oňlady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyza awtoulaglary bezemek üçin niýetlenen özboluşly nyşanlaryň taýýarlanylyşy, olary Aziada — 2017-niň geçirilýän döwründe ulanmagyň meýilleşdirilýändigi barada aýdyldy.

 Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz ekologiýa syýasatynyň möhüm ugurlaryna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz tebigy goraghanalaryny ösdürmek çärelerini işjeňleşdirmegi, şeýle hem Garagum derýasynyň kenarlaryna tut oturtmagyň möhümdigini belledi. Munuň özi diňe bir şäheriň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrman, eýsem ýüpekçiligiň ösdürilmeginde ähmiýetlidir.

 Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz “1941 — 1945- nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 72 ýyllygy mynasybetli sowgatlary gowşurmak hakyndaky” Permana gol çekdi we baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

“Nesil” gazeti,

25.04.2017ý.

Meňzeş habarlar