Hormatly Prezidentimiz dikuçarda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, iri gurluşyk meýdançalarynyň birnäçesindäki işleriň ýagdaýy hem-de paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy. Mälim bolşy ýaly, Aşgabat häzirki wagtda dünýäniň owadan şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýar.
Häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan giň möçberli işler, iri şähergurluşyk we binagärlik taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi Aşgabadyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin estetiki taýdan özboluşly we amatly gurşawy emele getirmäge gönükdirilendir. Bu bolsa şu ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň çäklerinde has-da ähmiýetlidir.
20-nji aprelde hormatly Prezidentimiziň hut özi dikuçara erk edip, belentlikden şäheriň çäklerinde alnyp barylýan işler, hususan-da, ýol-ulag düzümini kämilleşdirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler bilen gyzyklandy. Iş saparynyň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň ýanynda Aşgabat şäheriniň häkimi boldy.
Döwlet Baştutanymyz uçuş edip, paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde kemala gelen täze ýaşaýyş toplumlaryny synlady. Bu ýerde nusgalyk Täze zaman ýaşaýyş toplumy emele geldi, onda ýaşaýjylar üçin ähli mümkinçilikler bar. Şunda ýaşaýyş-durmuş ulgamynyň ýokary ölçegleriniň üpjün edilmegine aýratyn üns berilýär. Milli Liderimiz dikuçarda bu künjekde alnyp barylýan işleri synlap, Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň möhüm wezipelerine ünsi çekip, bu babatda paýtagtymyzyň häkimine birnäçe tabşyryklary berdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň eteginde nusgalyk obalaryň döredilmegi, olaryň bagy-bossanlyga bürelmegi, bu gurşawda tokaý zolaklarynyň giňeldilmegi howanyň ekologiýa derejesiniň ýokarlanmagyny şertlendirjekdigini aýtdy. Milli Liderimiz şeýle hem seýilgäh zolaklarynyň peýdasy barada aýtmak bilen, köpçülikleýin bag nahallarynyň Garagum derýasynyň ýakalaryna hem ekilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Munuň özi derýanyň akabasyny we kenaryny berkitmäge ýardam berer.
Milli Liderimiziň dikuçary Aşgabady ösdürmegiň 15-nji tapgyrynyň çäklerinde gurulýan desgalaryň üstünde öwrüm etdi. Bu giň möçberli taslamany durmuşa geçirmäge ýurdumyzyň telekeçileri işjeň gatnaşýarlar. Mälim bolşy ýaly, olar milli ykdysadyýetimiziň köp pudaklaryny ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamalary durmuşa geçirmekde, şeýle hem gurluşyk ulgamynda has-da işjeňlik görkezýärler.
Şäheriň şu böleginde häzirki döwrüň ýokary talaplaryna laýyk gelýän iri ýaşaýyş jaý toplumy gurulýar. Bu ýerde ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň hem-de paýtagtymyzyň häkimliginiň buýurmalary esasynda durmuş maksatly desgalar bina edilýär. Paýtagtymyzy ösdürmegiň bu tapgyrynda belent ýaşaýyş jaýlarynyň, şeýle hem üç we dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň, iki gatly kottejleriň, dükanlaryň we beýleki durmuş ulgamyna degişli desgalaryň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz uçuşyň dowamynda paýtagtymyzyň esasy gurluşyk desgasy — Olimpiýa şäherjigindäki işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzdaky batly depginler bilen bina edilýän Parahat — 7 ýaşaýyş jaý toplumynyň işleri bilen hem tanyşdy. Milli Liderimiz ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň meýilnamalaryny durmuşa geçirmegiň wezipeleri barada aýdyp, toplumlaýyn esasda ähli zerur düzümleriň kemala getirilmeginiň esasy ýörelge bolup durýandygyny belledi.
Ýurdumyzyň bu ajaýyp künjekleriniň birinde häzirki wagtda “Ak öý” binasynyň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz bu desganyň gurluşyk işlerinde türkmenleriň adaty ýaşaýyş jaýlarynyň keşbiniň, milli bezegiň aýratynlyklarynyň we häzirkizaman binagärlik tejribeleriniň utgaşmalydygyny, bu binada köpçülikleýin çäreleri guramak üçin ähli zerur şertleriň göz öňünde tutulmalydygyny belledi. Milli Liderimiz Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda bedewler üçin gurlan Halkara karantin merkeziniň mümkinçilikleriniň doly derejede herekete getirilmelidigini belläp, bu babatda anyk görkezmeleri berdi.
“Nesil” gazeti,
22.04.2017ý.












