Gatnaşyklarda täze sahypa

 Hormatly Prezidentimiz döwlet sapary bilen Gazagystan Respublikasyna bardy. Saparyň çäklerinde Astanada Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi. Türkmenistanyň Baştutanynyň Gazagystana bu nobatdaky sapary döwletara gatnaşyklaryň taryhyna täze möhüm sahypany ýazar.

 Häzirki döwürde Türkmenistanyň we Gazagystanyň hoşmeýilli erk-islegine esaslanýan türkmen-gazak gatnaşyklaryna kuwwatly itergi berildi. Iki döwletiň netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygy bilelikdäki tagallalar bilen durmuşa geçirilen iri düzümleýin taslamalarda beýanyny tapdy. Hormatly Prezidentimiziň Gazagystan Respublikasyna iki günlük döwlet sapary bu dostlukly gatnaşyklary has-da ösdürmäge badalga berdi. Goňşy döwletler, şol sanda Gazagystan bilen netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy we giňeldilmegi ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar, ol oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik hem-de deňhukukly netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar.

 18-nji aprelde Astanada bolan ýokary derejeli duşuşygyň ähmiýeti uludyr. Ol köptaraply hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine uly itergi berer, ikitaraplaýyn bähbitlere, şeýle hem ählumumy abadançylygyň bähbitlerine kybap gelýän hyzmatdaşlygyň täze möhüm derejesine çykarylmagyna ýardam eder. Muňa iki ýurduň dürli derejedäki wekiliýetleriniň yzygiderli özara saparlary, iki döwletiň Baştutanlarynyň has ýygjamlaşan şahsy gatnaşyklary gönüden-göni ýardam berýär, bu gatnaşyklar hoşniýetlilik we ýokary ynam ýagdaýyna eýedir.

Iki döwletiň halkara syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygy ýa-da meňzeşdigi olaryň dünýä giňişliginde oňyn hyzmatdaşlyk etmegi üçin möhüm binýat bolup hyzmat edýär. Türkmenistan bilen Gazagystan ählumumy parahatçylygy hem-de durnuklylygy saklamak we goldamak, halkara terrorçylygyna, ekstremizme garşy durmak, ýaragsyzlanmak, Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak ýaly ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça meňzeş garaýyşlara eýedirler. Biziň ýurtlarymyz iri halkara guramalarynyň we sebit düzümleriniň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde ýakyn hyzmatdaşlyk edýärler.

Türkmenistan bilen Gazagystan giň ugurlar, şol sanda söwda-ykdysady ulgamda, energetika we ulag-aragatnaşyk pudaklarynda, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar ulgamynda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler.

Bilelikdäki iri taslamalaryň amala aşyrylmagy işewür gatnaşyklaryň guralmagyna oňyn çemeleşmegiň aýdyň mysallarydyr.

Türkmenistan şu ýylyň 10-njy iýunyndan 10-njy sentýabry aralygynda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde “Geljegiň energiýasy” şygary astynda geçiriljek “EKSPO — 2017” sergisinde bölümini ýaýbaňlandyrmagy meýilleşdirýär. Mundan başga-da, sergi halkara jemgyýetçiligini “Aşgabat — 2017” taslamasy bilen hem-de türkmen paýtagtynda şu ýylyň güýzünde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işler bilen hemmetaraplaýyn tanyşdyrmaga mümkinçilik berer.

Iki goňşy döwletleriň Baştutanlarynyň nobatdaky duşuşygy Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda oňyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine we pugtalandyrylmagyna kuwwatly itergi berer, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýylýazgysyna täze ajaýyp sahypany ýazar, dostluk, özara ynam we düşünişmek hemişe bu gatnaşyklaryň tapawutly taraplary bolmagynda galýar.

“Nesil” gazeti,

20.04.2017ý.

 

Meňzeş habarlar