Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy.
Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň abadançylygy hormatly Prezidentimiziň durmuş-ykdysady strategiýasynyň baş maksadydyr. Onuň ileri tutulýan ugurlary milli Liderimiziň uly möçberli maksatnamalarynda, milli ykdysadyýetimizi depginli ösdürmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen köptaraply halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde öz beýanyny tapýar.
14-nji aprelde hormatly Prezidentimiziň geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiziň 18-19-njy aprelde Gazagystan Respublikasyna meýilleşdirilen döwlet saparyna taýýarlyk görlüşi mejlisiň gün tertibine girizilen esasy meseleleriň biri boldy. Goňşy döwletler bilen netijeli gatnaşyklaryň berkidilmegi we giňeldilmegi milli Liderimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýokary derejedäki duşuşyklar özara bähbitlere bolşy ýaly, ählumumy abadançylygyň bähbidine kybap gelýän türkmen-gazak hyzmatdaşlygyny täze möhüm ugurlara çykarmaga ýardam berer. Hökümetara we daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky yzygiderli gatnaşyklar şol wezipelere hyzmat edýär.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň işi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Pudagara toparyň çözgüdi bilen maýa goýum taslamalarynyň 3-si saýlanyp alyndy. Kompaniýalar we olaryň taslamalary saýlanyp alnanda, taslamalaryň ykdysady netijeliligi, durmuş ähmiýeti hem-de ekologiýa howpsuzlygy olaryň esasy ölçegleri bolup durýandygyndan ugur alynmalydygyna ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz ýerli gurluşyk kompaniýalarynyň mümkinçiliklerini doly derejede herekete getirmek zerurdyr diýip belledi.
Şeýle hem “Hazyna” hojalyk jemgyýetini döretmek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada habar berildi. Merkezi bank we Türkmenistanyň beýleki döwlet we täjirçilik banklary onuň esaslandyryjylary bolup çykyş edýärler. Bu düzümiň işi syýahatçylyk pudagynyň ösdürilmegine, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky myhmanhanalar ulgamynyň netijeli dolandyrylmagyna ýardam bermäge gönükdirilendir.
Hökümetiň mejlisinde Aşgabat şäherinde geçirilen Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-koreý toparynyň altynjy mejlisiniň netijelerine, milli parlamentiň kanun çykaryjylyk işine, Aşgabady abadanlaşdyrmak meselelerine garaldy. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenhowaýollary» gullugynyň we Demir ýol ulaglary ministrliginiň ýurduň içindäki ýolagçy gatnadylyşynyň we ýük daşalyşynyň nyrhlaryny ýokarlandyrmak baradaky teklibini makullady.
Mejlisiň beýleki meseleleriniň hatarynda Dokma senagaty ministrliginiň “Türkmenýüpek” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýüpek gurçugyndan alynýan ýokary hilli pile hasylynyň mukdaryny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, kabul ediş nokatlarynyň, däne ýygyjy kombaýnlaryň, awtoulaglaryň taýýarlanylyşy baradaky meseleler boldy.
Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçiriljek çäreleriň meýilnamasy mejlisiň aýratyn meselesi boldy. Dabaralaryň çäklerinde Aşgabatda halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VII mejlisi, “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly IX halkara ylmy maslahat we ýöriteleşdirilen halkara sergi-ýarmarkasy geçiriler. Şeýle hem “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara gözellik bäsleşiginiň jemi jemlener.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça konkur, milli göreş Aziada — 2017-niň maksatnamasyna girizildi. Bu ýagdaý nazara alnyp, aprel aýynyň çäreleriniň hatarynda uzak aralyga atly ýöriş we däp bolan at çapyşyklary bilen birlikde, şol sanda ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda hem konkur boýunça ýaryşlar geçiriler. Mundan başga-da, baýramçylyga gabatlanylyp Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda gurlan Halkara karantin merkeziniň açylyş dabarasy bolar.
Milli Liderimiz «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň başlygyna pudagyň ylmy-okuw binýadyny pugtalandyrmak babatda birnäçe anyk bellikleri aýdyp, at gazanan hünärmenleriň sanawyny taýýarlamagy tabşyrdy. Olara Türkmen bedewiniň baýramynyň öň ýanynda hormatly atlar berler.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
“Nesil” gazeti,
18.04.2017ý.












