Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň 2017-nji ýylyň birinji çärýeginde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijelerine bagyşlanan giňişleýin mejlisini geçirdi. Şunuň bilen baglylykda, hasabat döwründe milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň işiniň netijelerine garaldy, degişli hasabatlar diňlenildi we ýerine ýetirilen işlere baha berildi hem-de döwlet durmuşynyň beýleki ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we guramaçylyk meselelerine seredildi.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda durnukly ösüş hem-de halkymyzyň abadançylygynyň ýokary derejesi üpjün edilýär. Şu ýylyň üç aýynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň görkezijileri muňa aýdyň şaýatlyk edýär. 5-nji aprelde geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde berlen hasabatlarda aýdylyşy ýaly, milli ykdysadyýetimiziň esasy görkezijileriniň biri bolan jemi içerki önümiň ösüş depgini durnukly we okgunly ösüşe eýe boldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisde hasabatlary diňläp, döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen ykdysady strategiýany üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, zerur çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýokary ösüş depginini saklamak boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegiň wajypdygyny nygtap, hormatly Prezidentimiz ýolbaşçylara gözegçilik edýän düzümleriniň işine talabedijiligi güýçlendirmek bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.
Şeýle hem mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda öndürilýän harytlary eksport etmegiň möçberlerini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly ileri tutulýan ugurlara çekdi. Döwlet Baştutanymyz öňde goýlan wezipeleriň möhüm ähmiýetlidigini belläp, döwrebap enjamlara erk etmek, oňat hilli hyzmat etmek we olary netijeli ulanmak, degişli hünärmenleri taýýarlamak boýunça işleriň guramaçylykly hem-de göwnejaý alnyp barylmagyny üpjün etmek boýunça ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz dünýäde iri energetika döwletleriniň hataryna goşulýan Türkmenistanyň örän köp ýangyç serişdelerinden netijeli ulanylmagynyň, milli ykdysadyýetimiziň uly mümkinçiliklerinden peýdalanylmagyna, energetika howpsuzlygyň üpjün edilmegine degişli meseleleriň çözülmegine ýardam bermelidigini hem-de munuň sebit we ählumumy derejede durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşde möhüm ähmiýetlidigini aýtdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, 2017-nji ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijelerine baha berdi. Milli Liderimiz Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň käbir meseleleriniň üstünde durup geçmek bilen, ýakyn geljek üçin ileri tutulýan birnäçe wezipeleri kesgitledi.
Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz degişli resminamalara gol çekip, täze wezipä bellenilen ýolbaşçylara işlerinde üstünlik arzuw etdi, başga-da birnäçe möhüm meselelere garady we olar boýunça degişli çözgütleri kabul etdi.
“Nesil” gazeti,
08.03.2017ý.












