Gyrgyzystanyň Bişkek şäherinde badalga alan sambo boýunça Dünýä çempionatynyň ilkinji gününde türkmenistanly türgenler bir kümüş we bir bürünç medala mynasyp boldular.
Ýaryş «Gazprom – çagalara» sport-sagaldyş toplumynda geçirilýär, onda 70 ýurtdan 466 sany iň güýçli samboçy ýygnandy. Üç günüň dowamynda olar sport we söweş sambosy, şeýle hem körleriň sambosy boýunça 31 medal toplumyny utuşa goýarlar.
Dünýä çempionatynyň umumy baýrak gaznasy 341 müň amerikan dollaryna deňdir. Her agram derejesindäki ýeňijiler 4 müň amerikan dollaryna, kümüş medal eýeleri 3 müň amerikan dollaryna, bürünç medal eýeleri bolsa 2 müň amerikan dollaryna mynasyp bolarlar.
Bäsleşikleriň ilkinji gününde türkmen türgenleri söweş sambosynda tapawutlandylar. Bu görnüşde kümüş medaly Lebap welaýatynyň Bedenterbiýe we sport baş müdirliginiň Türkmenabat şäheriniň 1-nji sport mekdebiniň 31 ýaşly tälimçi-mugallymy Madina Aýdogdyýewa, bürünç medaly bolsa Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň 4-nji ýyl talyby, 25 ýaşly Abdylla Nazargeldiýew gazandy.
Madina 8 samboçynyň medal ugrunda göreşen 54 kg çenli agram derejesinde dünýäniň wise-çempiony boldy. Çärýek final tapgyryndaky ilkinji tutluşykda M.Aýdogdyýewa Gulmaira Sagidanowany (Gazagystan) ýeňdi, ýarym finalda bolsa Akak Uson Gyzydan (Gyrgyzystan) 2:1 hasabynda üstün çykdy. Finalda biziň ildeşimiz Halkara Sambo federasiýasynyň (FIAS1) hemaýatçylygynda bitarap statusda çykyş eden, iki gezek dünýä çempiony bolan russiýaly Wera Lotkowadan 0:8 hasabynda utuldy. Netijede, M.Aýdogdyýewa ikinji orna eve boldy. Bürünç medal eýeleri bolsa Abomo Silwana (Kamerun) we gyrgyz türgeni Akak Uson Gyzy boldy.
Madina Aýdogdyýewa üçin bu halkara ýaryşlardaky ilkinji uly üstünlik däl. Geçen ýyl Makaoda geçirilen Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionatynda ol sport sambosynda 59 kg çenli agramda bürünç, şu ýyl bolsa Ermenistandaky we Täjigistandaky Dünýä Kuboklarynda söweş sambosynda hem 59 kg çenli agramda degişlilikde kümüş we altyn medallary eýeledi.
Abdylla Nazargeldiýew 17 samboçynyň medal ugrundaky bäsleşen 88 kg çenli agram derejesinde bürünç medalyň eýesi boldy. Bu üstünlige barýan ýolda ol 1/8 finalda Leko Terpstrany (Niderlandlar) 8:0 hasabynda, çärýek finalda bolsa Lhagwasuren Towuusureni (Mongoliýa) 4:0 hasabynda ýeňdi. Ýarym finalda biziň ildeşimiz 2025-nji ýylyň Dünýä çempionatynyň kümüş medalynyň eýesi Sohibjon Hasanboýewden (Özbegistan) 0:5 hasabynda ýeňlip, üçünji orna eýe boldy. Ikinji bürünç medal 2025-nji ýylyň Ýewropa wise-çempiony Georgiý Egnataşwilä (Gruziýa) gowşuryldy, altyn medaly bolsa ikinji ýyl yzygiderli dünýä çempionatyny ýeňen russiýaly Abusupiýan Alihanow (FIAS1) gazandy.
Iki aý mundan ozal Täjigistandaky Dünýä Kubogynda Abdylla Nazargeldiýew söweş sambosynda bürünç medaly eýeläpdi. Ine, indi ol Dünýä çempionatynda-da şeýle üstünlige ýetdi.
Bäsleşikleriň birinji gününden soň Türkmenistanyň topary bir kümüş we bir bürünç medal bilen umumy hasapda 6-njy orny eýeleýär.
Dünýä çempionatynyň ikinji gününde samboçylar 11 medal toplumyny utuşa goýarlar.
turkmenistan.gov.tm












