Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň gurnamagynda Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebinde Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde karbamid öndürýän toplumyň gurluşygynyň, Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy – Garabogaz böleginiň düýbüni tutmak, şeýle hem Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda agyz suwuny arassalaýjy desganyň we Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň açylyş dabaralary mynasybetli wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplumyň gurluşygynyň, Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy – Garabogaz böleginiň düýbüni tutmak, şeýle hem Esenguly etrabynda kuwwatlylygy gije-gündizde 20 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desganyň we Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň açylyş dabaralaryna gatnaşandygyny, şeýle hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», şeýle-de beýleki iri möçberli, uzak möhletleýin maksatnamalaryň alnyp barylýan şunuň ýaly giň gerimli tutumlaryň berk binýady bolup hyzmat edýändiginiň, munuň özi şol bir wagtda hormatly Prezidentimiziň eziz ýurdumyza, mukaddes Garaşsyzlygymyza, hemişelik Bitaraplygymyza bolan çäksiz söýgüsi, belent sarpasy netijesinde türkmen halkynyň beýik arzuw-maksatlarynyň elmydama rowaçlyklara beslenýändiginiň hem buýsançly tassyknamasydyr diýip gürrüň berdiler.
Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar, beýik işleri bilen merdana halkymyzyň synmaz söýgi sarpasyna mynasyp bolan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.
Baýramgül ESENOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
«Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.












