BAHREÝNDE GEÇIRILEN AZIÝA ÝAŞLAR OÝUNLARYNDA TÜRKMEN TÜRGENLERI ALTY MEDAL GAZANDYLAR

Bahreýnde 10 günüň dowamynda geçirilen üçünji Aziýa ýaşlar oýunlarynda türkmen türgenleri bir altyn, bir kümüş we dört bürünç medal gazandylar.

Aziýa ýaşlar oýunlary Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi (AOG) tarapyndan 14–18 ýaş aralygyndaky ýetginjek türgenler üçin geçirilýän köpugurly sport ýaryşlarydyr. Bu oýunlar ilkinji gezek 2009-njy ýylda Singapurda, ikinji gezek 2013-nji ýylda Hytaýyň Nankin şäherinde geçirildi. Ondan soňky Aziýa ýaşlar oýunlary, ilki, 2017-nji ýylda Şri-Lankanyň Hambantota şäherinde, soňra 2021-nji ýylda Hytaýyň Şantou şäherinde geçirilmelidi. Emma AOG olary ýatyrdy: oýunlar birinji gezekde Şri-Lanka hökümetiniň Milli Olimpiýa Komitetiniň işine syýasy taýdan gatyşmagy sebäpli, ikinji gezek bolsa COVID-19 pandemiýasy zerarly geçirilmedi.

12 ýyldan soň täzeden ýola goýlan Aziýa ýaşlar oýunlary 45 ýurtdan 4092 türgeni Bahreýnde bir ýerde jemledi, olar sportuň 26 görnüşinde (29 ugur) 264 medal toplumy ugrunda bäsleşdiler.

Türkmenistan bu oýunlara 62 adamdan ybarat sport wekiliýeti bilen gatnaşdy, olaryň 38-si 3x3 basketbol, boks, erkin göreş, milli göreş, ýeňil atletika, suwda ýüzmek, taý boksy we agyr atletika ýaly sekiz sport boýunça bäsleşýän türgenlerden ybarat boldy.

Toparymyzda medallaryň hasabyny Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Leýli Ýusupowa göreşde bürünç medal gazanyp açdy. Lebap göreş mekdebiniň okuwçysy bu üstünligi 52 kg çenli agram toparynda gazandy, bu toparda medallar ugrunda dokuz türgen bäsleşdi.

Çärýek finaldaky ilkinji duşuşygynda L.Ýusupowa Hytaýyň Taýbeýinden Çeň Ýuň-ýany ýeňdi, ýöne soň ýarym finalda özbegistanly geljekki çempion Mubinabonu Karimowadan asgyn geldi we netijede hormat münberiniň üçünji hataryny eýeledi. Bu agram toparynda ikinji bürünç medala başga bir ýarym finalda kümüş medal gazanan Kanişka Bidhurdan (Hindistan) ýeňlen Setaýeş Jelaleddin (Eýran) mynasyp boldy.

Türkmenistanyň toparynyň alan bäş medalyny agyr atletikaçylar gazandylar, olaryň arasynda «Olimp» orta sport mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Didarbek Jumabaýew aýratyn bellenip geçilmäge mynasypdyr. 79 kg çenli agram toparynda ol silkip götermekde (138 kg) bürünç medal gazandy, şonda ol bahreýnli kümüş medalçy Adrian Bonilladan 4 kg az göterdi. Ýöne itekläp götermekde (177 kg) altyn medal gazanmak bilen, bu görnüşde Aziýa we Aziýa oýunlarynyň ýaşlar rekordyny goýdy. Silkip götermekde (146 kg) altyn medal alan gazagystanly Nurjan Jumabaý itip götermekde kümüş medalçy (176 kg) boldy. Bürünç medaly bolsa hytaýly Sýao Ao (172 kg) gazandy.

Toparymyzyň «gapjygyna» iki medaly Mary şäherindäki 35-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Ysmaýyl Akmyradow getirdi, ol 94 kg çenli agram toparynda silkip götermekde (146 kg) bürünç, itekläp götermekde bolsa (185 kg) kümüş medal gazandy.

Türkmenistanyň ýygyndy toparyndaky iň soňky altynjy medaly Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndaky 95-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Saparbaý Atajanow gazandy, ol 94 kilogramdan ýokary agram toparynda itekläp götermekde (175 kg) bürünç medala mynasyp boldy.

Kakamyrat Annamyradow (71 kg çenli), Ogulşat Amanowa (53 kg çenli) we Asal Kerimbaýowa (77 kg çenli) dagy silkip götermekde we itekläp götermekde öz toparlarynda dördünji orny eýelemek bilen, çykyşlaryny medala bir ädim ýetmän tamamladylar.

Agyr atletikaçylar ýaryşynyň medal sanawynda 10 ştangaçydan ybarat bolan Türkmenistanyň topary Wýetnam topary bilen 8-nji we 9-njy orunlary paýlaşdy.

Türkmen türgenleri Aziýa ýaşlar oýunlarynda üçünji gezek çykyş etdiler. Öňki iki gezekde ildeşlerimiz medal gazanyp bilmediler. Bahreýnde geçirilýän häzirki oýunlarda bolsa türkmenistanly türgenler bir altyn, bir kümüş we dört bürünç medal bilen, ýaryşlara gatnaşan ähli toparlaryň arasynda 27-nji orny eýelediler.

turkmenistan.gov.tm

Meňzeş habarlar