EDEBIŇ BAŞY SALAMDAN BAŞLANÝAR

Golaýda, Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň 1-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda mekdep okuwçylaryň gatnaşmagynda «Edebiň başy salamdan başlanýar» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çäräniň dowamynda ynsanyň asylly häsiýetleriniň biri bolan salamlaşmak bolup, bu sözüň özeninde adamlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ýürekdeşlik, hoşniýetlilik, adamkärçilik şöhlelenýändigi, umuman salamlaşmak edebiniň ähmiýeti hakynda giňişleýin çykyş etdiler.

Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar, türkmen halkynyň eşretli, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Ergeş ABDYRAHMANOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

07 Noýabr 2025 | 23 okalan

EDEBIŇ BAŞY SALAMDAN BAŞLANÝAR

03 Noýabr 2025 | 71 okalan

WOLEÝBOL ÝARYŞY GEÇIRILDI

03 Noýabr 2025 | 100 okalan

SPORT ÝARYŞY GEÇIRILDI