MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň, Türkmenistanyň Döwlet Energetika institutynyň hem-de Mary welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda hormatly Prezidentimiziň Italiýa Respublikasyna bolan resmi saparynda geçirilen türkmen-italýan işewürlik forumynyň  ähmiýetini ýaşlara we halk köpçüligine ýetirmek maksady bilen welaýat kitaphanasynda “Dostluk ýoly bagtyň nury bilen” atly maslahat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň başlygy, Mary welaýat Halk maslahatynyň agzasy Yklymmyrat Tuwakmyradow, Türkmenistanyň Döwlet Energetika institutynyň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Merdan Orazmeredow, hem-de şol institutyň mugallymy, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Kerwen Berdiliýew, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň 35-nji orta mekdebiniň mugallymy, Wekilbazar etrap Halk maslahatynyň agzasy Uzukjemal Hommadowa we beýlekiler çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň türkmen-italýan işewürlik forumynda eden çykyşynyň ähmiýeti hakynda aýratyn belläp, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady we işewürlik gatnaşyklarynyň dost-doganlyga hem-de birek-birege ynanyşmaga esaslanýandygyny nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkara gatnaşyklaryny täze derejelere ýetirmekde alyp barýan parasatly başlangyçlary we irginsiz aladalary üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Gülşat ÇETILIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Mary welaýat Geňeşiniň habarçysy.

Meňzeş habarlar

07 Noýabr 2025 | 23 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

07 Noýabr 2025 | 18 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

05 Noýabr 2025 | 54 okalan

BIZ BAGTYÝAR ÇAGALAR