Golaýda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň, Baýramaly etrap Bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň 10-njy orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda «Edep-terbiýe – kämil durmuş» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Baýramaly etrabynyň 10-njy orta mekdebiniň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Rahym Owganow hem-de şol mekdebiň mugallymy, ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Azat Myradow dagylar çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda ýaş nesilleriň ruhubelent, ylymly-bilimli, tertip -düzgünli, päk ahlakly, ata Watanymyza we halkymyza çuňňur wepaly nesiller bolup ýetişmekleri üçin döwletimiz tarapyndan edilýän aladalar hakynda giňişleýin gürrüň berdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzda ýaş nesilleriň watansöýüji, päk ahlakly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin giň gerimli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Azat MUHIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.












