SAGDYN NESIL WATANYŇ GELJEGI

Türkmenistanyň sport ulgamynda alnyp barylýan işler ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdyn kämil şahslar bolup ýetişmegini üpjün etmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda sporty ösdürmek, türgenleriň taýýarlygyny kämilleşdirmek hem-de sport ulgamyny döwrebap derejä çykarmak boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda sporty ösdürmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda döwrebap sport toplumlary, stadionlar, welosiped ýodalary we türgenleşik meýdançalary gurlup, ulanylmaga berilýär.

Ýaş türgenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen ýöriteleşdirilen sport mekdepleri hereket edýär. Bu ugurda alnyp barylýan yzygiderli işleriň netijesinde türkmen türgenleri halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň baýdagyny belentlerde parladýarlar.

Türkmenistanda her ýyl dürli derejedäki sport bäsleşikleri, halkara ýaryşlar, marafonlar we ýaşlar üçin sport festiwallary yzygiderli geçirilýär. Şeýle çäreler jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge, ýaşlaryň sporta bolan gyzyklanmasyny artdyrmaga hem-de dostluk, agzybirlik ruhuny berkitmäge hyzmat edýär. Türkmenistanyň türgenleri dünýäniň öňdebaryjy sport çärelerine gatnaşyp, üstünlikli çykyşlary bilen ýurdumyzyň sport abraýyny belende göterýärler.

Türkmenistan döwletimiziň halkara sport abraýyny belende götermek üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

Baýmyrat DÖWLETGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

06 Noýabr 2025 | 16 okalan

SAGDYN NESIL WATANYŇ GELJEGI

31 Oktýabr 2025 | 179 okalan

SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI DABARALANÝAR