HIMIÝA SENAGATY — MILLI YKDYSADYÝETIŇ MÖHÜM PUDAGY

Golaýda, Lebap welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Türkmenabadyň S.A Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda ýylda 350 müň tonna superfosfat we 100 müň tonna ammoniý sulfaty mineral dökünlerini öndürýän toplumyň düýbüni tutmaga ak pata bermegi mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi.

Maslahata Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynyň işçi-hünärmenleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, il sylagly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, şol sanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça giň gerimli işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi dogrusynda belläp geçdiler.

Täze toplumyň işe girizilmegi bilen, Türkmenabadyň himiýa zawodynda fosforly dökünleriň önümçiligi häzirkisinden iki esse köpeler. Bu bolsa diňe bir içerki talaplary ödemek bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň eksport mümkinçiligini artdyrar.

Döwletimiziň himiýa senagatyny ösdürmek babatda şert-mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmekde alyp barýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.

Aýjahan MOLLAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Lebap welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar