MÜMKINÇILIKLERIŇ GAPYSY

Türkmenabadyň «Ýüpek» önümçilik birleşiginde zähmet çekýän ýaşlar hakynda söhbet

«Biz ýaşlara daýanýarys...» diýen beýik ynamdan döreýän jümläni bu gün her ädimde eşitmek bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýaş nesilleriniň ýurdumyzyň üstünliklerine goşýan goşantlary hakynda beýan eýlejek ýazgylarymyza hut şeýle jümle bilen girişmegimiz tötänden däl.

Belentden-belent ösüşlere sary ýol alan eziz Diýarymyzyň her bir pudagynda, edara-kärhanasynda, zawod-fabriginde işçileriň armasyny ýetirmek, olar bilen söhbetdeş bolmak maksady bilen döredijilik saparlarynda bolanyňda, ilkinji nobatda, ýaşlardan söz açylýar. Ýaşlaryň işe yhlaslylygy, döredijilik gözlegleri, zähmete çulumlygy hakyndaky nygtalýan ýaz ýaly ýakymly gürrüňlerini tolgunman, buýsançdan gobsunman diňlemek mümkin däl. Şol sanda-da ajaýyp! Şeýle buýsançly hakykatyň Türkmenabadyň «Ýüpek» önümçilik birleşiginde hem dabaralanýandygyna şaýat bolduk. Bu ýerde ýaş hünärmenleriň ençemesi tutanýerli zähmet çekýärler. Kärhananyň hünärmenleriniň gürrüň bermegine görä, baryp-ha, kärhana açylyp, özüniň ilkinji önümlerini halka hödürläp başlan uçurlarynda hem ýaşlara aýratyn orun degişli eken.

Ýaş hünärmenlere ähli tarapdan goldaw bermek, olary amatly iş şertleri bilen üpjün etmek ýörelgesi häzir kärhananyň dowamatyna öwrüldi. Bu ýerde işleriň barşy, hünärmenleriň iş şertleri bilen ýakyndan tanyş bolan pursadymyzda, munuň hut şeýledigine göz ýetirdik.

— Bi­ziň kär­ha­na­myz­da ýaş hünärmenleriň sany 200-den geçdi. Bu görkeziji gün-günden artmak bilen. Umumy işçileriň sanynyň 1000-den gowrakdygyny hasaba alsak, kärhanamyzyň hünärmenleriniň dörtden bir bölegini diýen ýaly ýaşlar düzýär. Şonuň bilen baglylykda, olara amatly şertler hem yzygiderli dö­re­dil­ýär — di­ýip, kär­ha­nanyň ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Bagtyýar Gaýypow iş üstünde özara söhbetdeş bolanymyzda gürrüň berdi.

Islendik ymaratyň dört sany esasy sütüni bolýar. Kärhananyň işçileriniň dörtden bir böleginiň ýaşlardygyny nazara alsak, olar kärhananyň esasy daýanç sütünleriniň biri. Muňa şek-şübhe ýok. Çünki olar kärhananyň dürli jogapkärli wezipelerinde zähmet çekýärler. Jogapkärli wezipe bolsa hemme kişä ynanyly bermeýär. Olaryň yhlas bilen dürli enjamlara erk edişi, galjaňlygy, ýadamazaklygy tüýs öwgä mynasyp.

Zähmetiň ynsan durmuşynyň aýrylmaz ülşüdigini bellemek isle­ýä­rin. Zäh­met — bagt, zähmet — baý­lyk. Yn­sa­ny yn­san sypatynda ezizleýän, onuň gözelligine gözellik çaýýan hem zähmet. Hakykat! Işçileriň kärhana baglanan zähmet ýoly üstünlige beslenen iş tejribesi bilen özboluşly utgaşypdyr.

Häzirki wagtda Türkmenabadyň «Ýüpek» önümçilik birleşiginde ilatyň köp isleg bildirýän ýüpek önümleriniň ençemesi öndürilip, içerki we daşarky bazarlara çykarylýar. Çig mal hökmünde Lebabyň ähli etraplarynyň pile kabul ediş nokatlaryndan pile getirilýär. Gerek ýerinde beýleki welaýatlaryndan hem çig mal alynýar.

Kärhananyň zähmet gadamlary barha rowaçlanýar. Kärhana egirme-dokma, pile kelepleýji we reňk-bezeg önümçilik bölümlerinden ybarat. Bölümler hem öz gezeginde bölümçelerden durýar. Bu ýerde çig ýüpegiň, nah we ýüpekden dokalýan matalaryň, ýüpek el halylarynyň, ýüpek ýaglyklaryň, egin-eşikleriň dürli görnüşleri, keteniler we beýleki dokma önümleri öndürilýär. Kärhananyň önümçilik kuwwaty barada kärhananyň zähmet bölüminiň baş hünärmeni Gülüstan Memirowa bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol şeýle diýdi:

— Şeý­le ýo­ka­ry zäh­met üstünliginiň gazanylmagynda ýaşlaryň goşandynyň uludygyny aýratyn taryplamaly. Biz ýaşlara daýanýarys, buýsanýarys, guwanýarys. Şu ugurdan ýörite orta we ýokary bilim alýan ýaşlar biziň kärhanamyzda önümçilik tejribeligini geçýärler, iş öwrenýärler. Kärhanamyzdaky döredilen amatlyklar olarda geljekde şu ýerde zähmet ýoluna başlamaklyga höwes döredýär. Diňe bir ýaş hünärmenlerimize däl, eýsem, ähli işçilerimiz üçin kärhanamyzda ýeňillikler bar. Olary işe gatnatmak üçin ýörite awtoulagymyz bar. Şeýle bolansoň, olaryň iş öndürijiligi hem örän ýokary. Köp orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy, aýdym-sazly çäreleri, dabaralary guramak üçin medeniýet merkezi, naharhana, mejlisler zaly, ýörite dynç alyş otaglary, sport meýdançasy işçilerimiziň hyzmatynda.

Tutanýerli zähmet ynsana bagt getirýär. Şeýle bagta we hormata eýe bolýanlar kärhanada näçe diýseň bar. Olaryň arasynda ýaşlaryň hem bolmagy örän guwandy­ry­jy. Inžener-tehniki howp­suzlygynyň jogapkär işgäri Merdan Jumakow, haly sehiniň başlygy Aýgözel Akyýewa, kärhananyň Kärdeşler Arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Sabina Atajanowa ýaly öz işiniň abyny-tabyny kemsiz ele alan ýaş hünärmenleriň abraýy diýseň uly.

Bu ýerde halypa-şägirtlik gatnaşyklary hem mynasyp dowam etdirilýär. Zähmetine goýulýan hormata özleriniň ak ýürekli zähmeti bilen jogap bermäge çalyşýan kärhananyň hünärmenleri ýaşlara degerli maslahatlaryny berip durýarlar. Ussat halypalaryň mekdebini geçýän ýaşlar zähmet bäsleşikleri esasynda iş alyp barýarlar. Bäsleşik bar ýerinde bolsa, hemişe ýeňiş bar!

Atamyrat ÝAZWELIÝEW

“Nesil” gazeti,

22.02.2020ý.

 

 

Meňzeş habarlar

10 Oktýabr 2025 | 136 okalan

HOŞNIÝETLI ÝÖRELGELER

10 Oktýabr 2025 | 80 okalan

SAGLYK ÝAŞAÝŞYŇ ÇEŞMESI