YKDYSATÇYLAR BÄSLEŞDILER

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň, Daşoguz welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň we welaýatyň ykdysady pudagynyň edaralarynyň bilelikde guramagynda, ykdysady pudagyň edaralarynyň işgärleriniň gatnaşmagynda Daşoguz şäheriniň “Garaşsyzlyk” sport desgasynda futzal boýunça Daşoguz welaýat çempionaty geçirildi.

Bäsleşik Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny hem-de baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyny dabaralandyrmak, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek üçin edýän taýsyz tagallalaryny ýaşlaryň arasynda wagyz etmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini jemgyýete ornaşdyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek maksady bilen geçirildi.

Bäsleşik örän gyzykly we çekeleşikli geçip, ýeňiş gazanan toparlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Sport çäresine gatnaşanlar ýaşlaryň zähmet çekmegi hem-de bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Nurýagdy GALPAKOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Daşoguz welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

10 Oktýabr 2025 | 97 okalan

YKDYSATÇYLAR BÄSLEŞDILER

09 Oktýabr 2025 | 96 okalan

ZENANLAR – WATANYMYZYŇ MERTEBE TUGY