HALYPA-ŞÄGIRTLIK ÝOLY

Ýakynda Aşgabadyň dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň guramagynda toplumyň zähmetkeş ýaş gelin-gyzlarynyň gatnaşmagynda dokma pudagyna ykbalyny baglan, uzak ýyllaryň dowamynda dokmaçylyk bilen meşgullanýan halypa zenanlarymyz bilen ýaşlaryň arasynda halal zähmetiň ähmiýeti hakynda söhbet etmek maksady bilen «Halypa-şägirtlik ýoly» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede, halypanyň daragta, şägirdiň bolsa onuň miwesine meňzedilýändigini bellediler. Halkymyzda «Miweli daragt» düşünjesi bolsa, ilkinji nobatda, şägirt ýetişdiren halypalar hakynda söz açylanda has köp ýatlanylýar, sebäbi, halypa-şägirtlik ýoly müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli ýörelgämizdir. Her bir ynsan özbaşdak hem belli bir ýoly külterläp biler, emma halypalar has uzak menzillere ýetmäge güýç-gaýrat, ynam berip bilýän ynsanlardyr diýip, duşuşygyň dowamynda nygtadylar.

Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň öz saýlap alan hünäriniň mynasyp eýeleri bolup ýetişmegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Uzukjemal GARAGULYÝEWA,

Aşgabadyň dokma toplumynyň Magtymguly

adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.

Meňzeş habarlar

23 Oktýabr 2025 | 51 okalan

KÖPETDAG ETRAP TAPGYRY GEÇIRILDI

23 Oktýabr 2025 | 43 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

23 Oktýabr 2025 | 33 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI