HALYPALAR — TERBIÝÄNIŇ WE TEJRIBÄNIŇ MEKDEBI

Halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan baý taryhynda halypaçylyk adaty aýratyn ähmiýete eýedir. “Halypa” diýen söz diňe bir öwrediji manysyny bermän, eýsem, durmuş tejribesini, zehinini, ahlak ýol-ýörelgesini ýaş nesle geçirýän adam diýmekdir. Halypa — halkyň parasatlylyk çeşmesi, bilim bilen terbiýäni utgaşdyrýan nusgalyk şahsyýetdir.

Türkmen jemgyýetinde halypalaryň orny uludyr. Olar ýaşlaryň zehinini açyp, ukybyny ösdürip, hünär ýolunda dogry ugur görkezýärler. Her bir hünäriň öz kynçylygy bardyr. Hünäri kemsiz öwrenmek üçin halypadan tälim almak zerurdyr. Halypanyň tejribesi şägirt üçin ýol görkezijidir. Türkmen halk döredijiliginde, edebiýatynda hem halypa-şägirt ýörelgeleri giňden wasp edilýär, ýagny, durmuşda halypalaryň öwüt-nesihatlaryny almagyň, gol bermegiň, öwrenýän hünäriň syrlaryny ele almagyň möhümdigi teswirlenýär. Bagşyçylyk sungatynda, zergärçilikde, halyçylykda, sazda, hat-da oba hojalygynda-da halypanyň tälimi arkaly zehinli ýaşlar kemala gelýär. Bu gadymdan gelýän ýörelge türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklarynyň özenidir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halypalaryň mertebesi has-da ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bilim ulgamynda, sungatda, ylymda, sportda halypalaryň goldawy bilen kämillige ýetmek üçin ýaşlara giň mümkinçilikler döredilýär. Halypalar ýaş nesli Watana wepaly, zähmetsöýer, döredijilikli ruhda terbiýeleýärler. Dogruçyllyk, adalatlylyk, merhemetlilik ýaly ýokary ahlak gymmatlyklary şägirtleriň ýüreginde orun tapýar. Şonuň üçin halypaçylyk — halkymyzyň ruhy baýlygynyň aýrylmaz bölegidir.

Leýla AMANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Lebap welaýat Geňeşiniň Umumy bölüminiň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Öňki makala

ALABAÝ WEPALY DOSTUMYZ

Meňzeş habarlar

24 Oktýabr 2025 | 44 okalan

ALABAÝ WEPALY DOSTUMYZ

22 Oktýabr 2025 | 175 okalan

GÖWÜN SÖÝEN GÜÝZÜM