WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenbaşy jins toplumynyň Magtymguly adyndaky Ilkinji Ýaşlar guramasynyň, toplumyň Kärdeşler arkalaşygynyň hem-de Demokratik partiýasynyň bilelikde guramagynda Jins toplumynda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň gatnaşmagynda «Maşgala agzybirligi mukaddesdir» atly şygar astynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Onda çykyş edenler maşgala mukaddesligi, ony gorap saklamak, maşgalada çaga berilýän tertip-düzgüniň dogry we dürs berilmelidigini, gadymdan gelýän milli däp-dessurlarymyzy her bir ojakda çagalaryň, ýaşlaryň aň ýetirmek barada birnäçe çykyşlar edildi.

Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzyň asuda, abadan, parahat durmuşda ýaşamaga, işlemäge, döretmäge, gurmaga döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Güljahan HOJAMMAÝEWA,

Türkmenbaşy jins toplumynyň Magtymguly adyndaky

ilkinji Ýaşlar guramasynyň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

23 Oktýabr 2025 | 35 okalan

KÖPETDAG ETRAP TAPGYRY GEÇIRILDI

23 Oktýabr 2025 | 27 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

23 Oktýabr 2025 | 19 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI