Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti we «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde Türkmenistanyň döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň sergiler zalynda bilim alýan talyplaryň gatnaşmaklarynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda ýaşlary halkymyzyň şöhratly taryhy, dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşan milli medeni mirasymyza degişli gymmatlyklar bilen tanyşdyrmak, ýaş nesillerde mukaddes topragymyza, eziz Watanymyza beýik söýgüni terbiýelemek maksady bilen «Medeni miras – halkyň ruhy dünýäsi» atly şygar astynda gezelenç gurnaldy.
.jpg)
Onuň dowamynda bagtyýar talyp ýaşlar muzeý gymmatlyklary bilen tanyş bolup, gadymy milli lybaslar, milli şaý-sepleri, taryhy medeni mirasy bilen muzeýiň işgärleri düşündirdiler we talyplar özlerinde gyzyklandyran soraglaryna jogap tapdylar.
Gezelenjiň ahyrynda milli mirasymyzy, medeniýetimizi, sungatymyzy giňden öwrenmekde we ony dünýä ýaýmakda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin.
Gülälek BAÝRAMALYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Aşgabat şäher Geňeşiniň Medeniýet we köpçülikleýin
habar beriş bölüminiň baş hünärmeni.












