Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň, Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň hem-de Daşoguz welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde guramagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli «Garaşsyzlyk ganat bolup göterdi, Arşy nazarlady ýollaryň Watan» atly şygar astynda Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmagynda maslahat çäresi geçirildi.
Maslahatyň dowamynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýeten belent sepgitleri, gazanan beýik üstünlikleri dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň asuda, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Sabyrgeldi BEGOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň başlygy.