Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda geçirilen ussatlyk sapagy häzirki zaman sungat ulgamynda milli mirasyň we halkara medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilen möhüm çäreleriň biridir. Okuw sapagy çeperçilik sungatynyň dürli ugurlaryny, aýratyn-da miniatýura we altyn çaýyp sahypalary bezemek sungaty baradaky temany öz içine aldy. Sapakda çykyş eden eýranly mugallymlaryň we sungat hünärmenleriň çykyşlary arkaly Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistan ýurdumyzyň arasynda bar bolan taryhy, medeni we sungat gatnaşyklary giňden beýan edildi.

Miniatýura sungaty özüniň inçe çeper şekil çekiş aýratynlygy bilen tanalýar. Ol diňe bir surat çekmek däldir, eýsem şahsy duýgyny, many-mazmuny we ruhy dünýäni şekil arkaly beýan etmegiň ýörelgesidir. Eýran we türkmen miniatýura sungaty özara baglanyşykly bolup, ikisinde-de nusgalyk aýratynlyklar bar. Türkmen miniatýura sungaty – türkmen halk döredijiliginiň, dessanlarynyň obrazlaýyn beýanlaryny öz içine alýar. Eýran sungaty bolsa, şol ýörelgäni baýlaşdyryp, altyn çaýmak usuly arkaly sungata özboluşly öwüşgin berýär. Okuw sapagynda şol iki ugruň sazlaşygy we täsirleşigi çeperçilik taýdan çuňňur seljerildi. Bu okuw sapagy türkmen-eýran medeni gatnaşyklarynyň häzirki döwürde täze derejä çykýandygyny görkezýär. Iki döwletiň sungat mekdepleriniň arasynda döredilen hyzmatdaşlyk diňe bir sungat täzeliklerini paýlaşmak bilen çäklenmän, dostluk, düşünişmek we medeni mirasy gorap saklamak babatda hem uly ähmiýete eýedir. Eýranly mugallymlaryň türkmen talyplary bilen geçiren okuw sapaklary, olaryň halkara tejribesini artdyrdy. Şeýle çäreler arkaly türkmen sungaty dünýä medeni giňişligine has giňden çykmaga mümkinçilik alýar. Talyp ýaşlar diňe çeper ussatlygy däl, eýsem taryhy, medeni we dostluk gatnaşyklary baradaky düşünjeleri hem kämilleşdirýärler. Okuw sapagynda görkezilen işleriň ählisi milli gymmatlyklaryň häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürilmeginiň mysalydyr. Bu çäre sungaty diňe bir estetiki däl, eýsem terbiýeçilik maksady bilen hem utgaşdyrýar. Bu ussatlyk okuw sapagy ýurdumyzyň sungat ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň, ylmy-medeni gatnaşyklaryň täze ugurlarynyň ýüze çykmagyna ýol açdy. Miniatýura we altyn çaýyp sahypalary bezemek sungaty baradaky sapak Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistan ýurdumyzyň arasyndaky medeni gatnaşyklar üçin täze sahypa boldy. Şeýle çäreler ýaşlaryň döredijilik taýdan pikirlenmegini, dünýä derejesinde öz sungat ýoluny tapmak ukybyny artdyrýar.
Leýli HUDAÝNAZAROWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
«Şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti»
hünäriniň 3-nji ýyl talyby.












